Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mandelanyň hatyrasyna matam tutulýar


Günorta Afrikada aparteida garşy göreşiň simwoly bolan Nelson Mandela penşenbe güni 95 ýaşynda aradan çykdy. Dünýäniň liderleri, meşhur şahsyýetleri we ýönekeý adamlar Mandelanyň hatyrasyna matam tutýarlar.

Günorta Afrikanyň prezidenti Jakob Zuma Mandelanyň Ýohannesburgdaky öýünde maşgalasynyň ýanynda “rahatlyk” bilen dünýäden ötendigini aýtdy.

Günorta Afrikanyň ýaşaýjylary Ýohannesburgda we Soweto şäherinde jemlendiler we aýdym aýdyp Mandela bilen hoşlaşdylar.

BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-Moon Mandelany “adalatyň pälwany” diýip atlandyrdy.

Günorta Afrikada apparteid döwründe 27 ýylyny türmede geçiren Mandela köpmilletli ýurtda demokratiýanyň düýbüni tutan liderdir. Mandela 1994-nji ýylda ýurduň ilkinji garaýagyz prezidenti boldy.
XS
SM
MD
LG