Sepleriň elýeterliligi

Oş: Öňki häkim wezipä dalaş etmekçi


Gyrgyzystanyň ululygy boýunça ikinji şäheri bolan Oşyň öňki häkimi bu wezipä ýene dalaş etjekdigini aýtdy.

Anna güni Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan Melis Myrzakmatow özüniň wezipesinden çetleşdirilmeginiň tehniki sebäpler bilen bagly bolandygyny aýtdy we şäheriň häkim wezipesine birnäçe hepdeden boljak saýlawlara dalaşgär hökmünde gatnaşmak planlaryny mälim etdi.

Şeýle-de, Myrzakmatow häkimiýetleri oppozision syýasatçylara gezek gelende adalat sistemasyny öz isleglerine görä ulanmakda aýyplady.

Myrzakmatow öňki prezident Bakiýew bilen gatnaşygy bolan ýeke-täk ýokary derejeli ýolbaşçy bolupdy. Bakiýew 2010-njy ýylda häkimiýet başyndan çetleşdirilenden soň hem Myrzakmatow öz wezipesinde galypdy.

Gyrgyzystanyň hökümeti Myrzakmatowy wezipesinden çetleşdirmäge uzak wagtlap synanyşypdy. Myrzakmatow bolsa öz tarapdarlarynyň gatnaşmagynda köpçülikleýin protestleri geçirmek arkaly wezipesinde saklanypdy.
XS
SM
MD
LG