Sepleriň elýeterliligi

Sud Timoşenkonyň işini yza tesdirdi


Ukrainanyň günortasynda ýerleşýän Harkiw şäheriniň sudy ýurduň öňki premýer-ministri Ýuliýa Timoşenkonyň salgytdan gaçmakda aýyplanmagy boýunça işiniň diňlenişigini 27-nji dekabra çenli yza tesdirdi. Timoşenkonyň suda gatnaşmakdan ýüz öwürmegi suduň bu kararyna sebäp boldy.

Şol bir wagtyň özünde-de Timoşenkonyň aklawçysy Serhiý Wlasenko hüjüme sezewar edildi. Habar berilişine görä, suduň girelgesinde näbelli adamlar Wlasenkonyň ýüzüne zelýonka suwuklygyny sepipdirler. Wlasenko bu wakanyň derňelmegini talap etdi.

Ukrainanyň häzirki prezidenti Wiktor Ýanukowiçiň syýasy garşydaşy bolan Ýuliýa Timoşenko häkimiýetden hyýanatçylykly peýdalanmakda günäli tapylyp ýedi ýyllyk türme tussaglygyna höküm edilipdi.

Timoşenkony salgytdan gaçmakda aýyplap gözgalan häzirki aýyplamalar onuň 1990-njy ýyllarda hususy energiýa kompaniýasyna ýolbaşçy bolan döwründe millionlarça dollar möçberde salgyt tölemändigine esaslanylýar.

Bu işiň diňlenişigi 2012-nji ýylyň aprel aýyndan bäri 10 gezek yza tesdirlipdi.
XS
SM
MD
LG