Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“AI” hat toplamak kampaniýasyna başlady


“Amnesty International” guramasynyň “Hat ýazmak kampaniýasy” adam hukuklarynyň depelenmeginden ejir çekýän adamlara we jemgyýetlere goldaw bermek maksadyny göz öňünde tutýar.

Guramaçylaryň sözlerine görä, 6-njy we 17-nji dekabr aralygynda geçirilýän bu kampaniýanyň dowamynda iki milliondan gowrak hatlaryň, fakslaryň, elektron ýüzlenmeleriň toplanmagyna garaşylýar.

“Amnesty International” guramasy hat toplamak arkaly bäş ýurduň ýagny Efiopiýanyň, Birmanyň, Bahreýniň, Tunisyň we Orsýetiň hökümetlerine basyş edip tussaglaryň boşadylmagyny talap etmekçi bolýar. Şeýle-de, gurama Kambojanyň, Meksikanyň, Türkiýäniň, Belarusyň, Nigeriýanyň we Palestinanyň häkimiýetlerini raýatlara we jemgyýetlere basyşlary bes etmäge çagyrýar.

“Amnesty International” Orsýetde tussaglykda saklanýan üç adamy “wyždan ýesirleri”, diýip atlandyrdy. Olar geçen ýylda Moskwanyň Bolotnaýa meýdançasynda oppozisiýanyň geçirilen protest çykyşlarynda tussag edilipdi.
XS
SM
MD
LG