Sepleriň elýeterliligi

"Haram eýle, emma berme puluňny"


Türkmenistanyň milli puly

Türkmenistanyň milli puly

Türkmenistan dünýäniň korrupsiýa görkezijileri boýunça indeksde iň korrumpirlenen ýurtlaryň arasynda agzalýar.

Şol bir wagtda, perzident ol ýa-da beýleki resmini işden aýyrýan pursatlary bolmasa, resmi türkmen mediasynda bu mesele kän agzalmaýar.

Azatlyk radiosy bilen gürrüňdeş bolan türkmen raýatlarynyň köpüsi indi Türkmenistanda korrupsiýa, hususan-da parahorluga adaty bir zat, hökman bolmaly ýagdaý hökmünde garalýandygyny aýdýarlar.

Türkmen raýatlarynyň gürrüň bermegine görä, ýurtda çagany çagalar bagyna, mekdebe ýerleşdirmekden başlap, tas her meselede para bermek kadaly bir zada, durmuş normasyna öwrülýär we muňa hökümet tarapyndan göz ýumulýar.

«Iň ýamany, ilat köpçüligi uly wezipelerde ýa-da «möhüm» diýilýän işlerde işleýän we bikanun baýlyk toplaýan adamlary kanundan ýokary hasaplaýar, ýaşlar bolsa hut şol adamlar ýaly bolmagy arzuw edýär» diýip, aşgabatly bir mugallym aýtdy.

Türkmen jemgyýetinde bu dert öňden hem bolupdyr. Mysal üçin, beýik Magtymguly: «Pir-kazylar para istäp gol açdy, Haram eýle, emma berme puluňny» diýip ýazypdyr.

Ýöne indi parahorlugyň Magtymgulynyň döwründäkiden has ösendigi aýdylýar.

Eýsem Türkmenistanda parahorlugyň adaty bir zada, durmuş kadasyna öwrülmeginiň sebäbi ýa sebäpleri näme? Bu meselede iň netijeli çözgüt näme bolup biler?

Azatlyk Radiosy nobatdaky «Tegelek stol» söhbetdeşligini şu meselä bagyşlaýar.

Parahorluk hakyndaky pikirleriňizi, tejribeleriňizi paýlaşsaňyz, başdan geçirenleriňizi ýazsaňyz, söhbete goşulasaňyz, hoşal bolarys.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG