Sepleriň elýeterliligi

Dünýä ýurtlary söwdany ösdürmekçi


Dünýä söwda guramasyna girýän 159 agza ýurduň wekilleri global derejede söwdany ösdürmek barada ylalaşdylar.

Indoneziýanyň Bali adasynda geçirilen gepleşikleriň netijesinde tassyklanan bu ylalaşyk Dünýä söwda guramasynyň 1995-nji ýylda döredileli bäri ähli agzalary tarapyndan goldanan ilkinji ylalaşyk boldy.

Dünýä söwda guramasynyň ýolbaşçysy Roberto Azawedo guramanyň ilkinji gezek hakyky netije gazanandygy aýtdy.

Bu dokument arkaly ähli döwletler gümrük düzgünlerini ýeňilleşdirmek arkaly söwdany ösdürmek borjuny öz üstüne alýarlar.

Habar agentlikleriniň ykdysadyýetçilere salgylanyp berýän maglumatlaryna görä, täze ylalaşyk dünýä ykdysadyýetiniň bir trillion dollarlyk ösüş gazanmagyna itergi berip biler.
XS
SM
MD
LG