Sepleriň elýeterliligi

Hagel ABŞ-nyň harby kuwwatyny nygtady


ABŞ-nyň goranmak sekretary Çak Hagel Amerikanyň Pars aýlagyndaky ýaranlaryna ýüzlenip Eýranyň ýadro programmasy boýunça diplomatiýanyň ABŞ-nyň harby kuwwatyna daýanýandygyny aýtdy.

Şenbe güni Bahreýniň paýtagty Manamada eden çykyşynda Hagel Günbataryň Tähran babatyndaky diplomatiýasyna nädogry “düşünmeli däldigini” belledi.

“Gepleşiklerdäki üstünlik Amerikanyň harby kuwwatyna baglydyr”, diýip Hagel belledi. Çak Hagel Pars aýlagynda ABŞ-nyň 35 müň harbysynyň we harby howa bazasynyň saklanýandygyny ýatlatdy.

24-nji noýabrda Eýranyň we dünýäniň iň täsirli alty döwletiniň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijeleri Pars aýlagynyň esasan sünni ýurtlarynyň aladalaryny artdyrypdy. Olar şaýylaryň ýolbaşçylygyndaky Eýrana howp hökmünde garaýarlar.

Halkara jemgyýetçiliginiň Eýran bilen arasynda gelnen wagtlaýyn ylalaşykda Tähranyň ýadro programmasynyň bölekleýin togtadylmagy, Günbataryň bolsa käbir ykdysady sanksiýalary ýatyrmagy göz öňünde tutulýar.
XS
SM
MD
LG