Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrain hökümeti Orsýete ýykgyn edýär


Kiýewde Ukrainanyň Ýewropa Bileleşigi bilen ýakynlaşmagyny talap edip geçirilýän protestler dowam edýärkä, ýurduň hökümeti Orsýet bilen gatnaşyklary ösdürmek ugrunda hereket edýär.

Prezident Wiktor Ýanukowiç Hytaýa eden saparyndan Ukraina gaýdyşyn ýolda Orsýetiň Soçi şäherine baryp, prezident Wladimir Putin bilen gepleşik geçirdi.

Ukrainanyň premýer-ministri Mykola Azarowyň sözlerine görä, anna güni geçirilen şol duşuşykda taraplar iki ýurduň arasynda “strategik parnýorlygy barada uly ylalaşygy” baglaşmak we syýasy hem ykdysady gapma-garşylyklary aradan aýyrmak barada maslahat edipdirler.

Şol bir wagtyň özünde-de, Kiýewde oppozision lider we boks boýunça dünýä çempiony Witaliý Kliçko demonstrantlara ýüzlenip “Ýanukowiçiň hökümetiniň “ukrainleriň kämil reformaly ýewropa ýurdunda ýaşamak arzuwyny puja çykarýandygyny” ýatlatdy.

Ukrainada dowam edýän protest aksiýalary geçen aýda Ýanukowiç Ýewropa Bileleşigi bilen assosiasiýa we erkin söwda boýunça ylalaşyga gol çekmekden boýun gaçyransoň başlanypdy.
XS
SM
MD
LG