Sepleriň elýeterliligi

Phenýan ABŞ-nyň raýatyny boşatdy


Demirgazyk Koreýa 1950-1953-nji ýyllarda Koreýa ýarym adasynda bolan urşuň weterany amerikaly Merrill Nýumany ýurtda çykardy. 85 ýaşly Nýuman oktýabr aýynda tussag edilipdi. Demirgazyk Koreýanyň häkimiýetleri ony kommunistleriň ýolbaşçylygyndaky ýurda garşy “duşmançylykly hereketlerde” aýypladylar.

Demirgazyk Koreýanyň resmi habar agentligi Nýumanyň “ynsanperwerlik” esasynda, şeýle-de onuň öz etmişlerini boýun almagy, onuň garrylygy we saglygynyň gowşaklygy hasaba alnansoň boşadylandygyny habar berdi.

ABŞ-nyň wise-prezidenti Joe Biden Nýumanyň Hytaýa barandygyny aýtdy. ABŞ Phenýanyň Nýumany boşatmak kararyny makullady we ýene bir amerikan raýaty Kennet Baeni boşatmaga çagyrdy. 2012-nji ýylda Demirgazyk Koreýa baran Bae hökümet agdarylyşygyny taýýarlamakda aýyplanyp, 15 ýyl agyr zähmet işlerine höküm edilipdi.
XS
SM
MD
LG