Sepleriň elýeterliligi

Bahreýn: Hagel partnýorlary bilen duşuşdy


ABŞ-nyň goranmak sekretary Çak Hagel, Bahreýn

ABŞ-nyň goranmak sekretary Çak Hagel, Bahreýn

ABŞ-nyň goranmak sekretary Çak Hagel Amerikanyň Pars aýlagyndaky ýaranlaryna ýüzlenip Eýranyň ýadro programmasy boýunça diplomatiýanyň ABŞ-nyň harby kuwwatyna daýanýandygyny aýtdy.

Şenbe güni Bahreýniň paýtagty Manamada eden çykyşynda Hagel Günbataryň Tähran babatyndaky diplomatiýasyna nädogry “düşünmeli däldigini” belledi.

ABŞ-nyň goranmak sekretary onlarça ýyllaryň dowamynda Eýrandan tutuş regiona durnuksyzlygyň hem zorlugyň ýaýraýandygyny belledi we Tähranyň munuň bilen bilelikde ýadro programmasynyň üstünde hem işlemegini dowam etdirýändigini aýtdy.

Çak Hageliň bellemegine görä, Eýranyň ýadro ýaragyna eýe bolmagy “regional hem global howpsuzlygyna wehim salýar” we “ýol berilmesiz bir ýagdaý” döredýär.

Regional aladalanma

24-nji noýabrda Eýranyň we dünýäniň iň täsirli alty döwletiniň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijeleri Pars Aýlagynyň esasan sünni ýurtlarynyň aladalaryny artdyrypdy. Olar şaýylaryň ýolbaşçylygyndaky Eýrana howp hökmünde garaýarlar.

Halkara jemgyýetçiliginiň Eýran bilen arasynda gelnen wagtlaýyn ylalaşykda Tähranyň ýadro programmasynyň bölekleýin togtadylmagy, Günbataryň bolsa käbir ykdysady sanksiýalary ýatyrmagy göz öňünde tutulýar.

Eýran bilen ylalaşyk

Çak Hagel Eýran bilen gelnen ylalaşyklaryň “many-mazmunly gepleşikleriň geçirilmegi üçin” wagt berýändigini belläp, ABŞ-nyň diplomatiýasynyň regional partnýorlaryň borçnamalary hem hyzmatdaşlygy arkaly goldanmalydygyny aýtdy.

Hagel Pars Aýlagynda ABŞ-nyň 35 müň harbysynyň we harby howa bazasynyň saklanýandygyny ýatlatdy.

“Şu günki gün Amerika uzak wagtlap dowam eden uruş döwründen çykýan hem bolsa ol öz jogapkärçiliginden boýun gaçyrmaýar. Amerika bu regionyň öňünde jogapkärdigini subut etdi. Bu berkdir. Men dialogymyzyň dowam etdirilmegine garaşýaryn”.

Tähranda Eýranyň prezidenti Hassan Rohani halkara jemgyýetçiligi bilen baglaşylan wagtlaýyn ýadro ylalaşygyny gorap çykyş etdi. Rohani ýurduň ykdysadyýetini gowulandyrmagyň parahatçylykly ýadro programmasyny dowam etdirmek bilen deň derejede möhümdigini belledi.

Rohani şenbe güni Tähranda studentleriň öňünde eden çykyşynda Eýran “ykdysady taýdan güýçlenmese milletiň hem kuwwatlanyp bilmejegini” belledi.
XS
SM
MD
LG