Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Türkmenistanda 630 tussag boşadylar


Türkmenistanda Bitaraplyk baýramy mynasybetli günä geçiş yglan edildi. Prezident G.Berdimuhamedowyň gol çeken permanyna görä, 630 adam tussaglykdan boşadylar.

Şeýle çäreler “ýoluny urduran adamlara öz etmişine ökünmäge hem-de ony halal zähmeti bilen ýuwup, dogry ýola düşmäge mümkinçilik berýär”, diýip Türkmen Döwlet Habarlar agentligi ýazýar.

Maglumata görä, ýerli häkimiýet edaralarynyň ýolbaşçylaryna günäsi geçilen raýatlary işe ýerleşdirmek üçin çäre görmek tabşyrylypdyr.
XS
SM
MD
LG