Sepleriň elýeterliligi

Karzaý Eýrana bardy, Hagel Owganystana


Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaýyň ýekşenbe güni Eýrana edýän sapary ABŞ-nyň goranmak sekretarynyň Owganystana edýän iki günlük saparyna gabat geldi.

Eýranyň metbugatyna görä, Karzaý Eýrana edýän bir günlük saparynyň dowamynda ýurduň ýokary derejeli resmileri, şol sanda prezident Hassan Rohani bilen duşuşýar.

Şenbe güni iki günlük sapary bilen Owganystana baran ABŞ-nyň goranmak sekretary Çak Hagel bu ýurtdaky amerikan harbylary, şeýle-de, Owganystanyň we NATO koalisiýasynyň resmileri bilen duşuşyk geçirýär.

Kabulyň we Waşingtonyň arasynda güýçlenýän gapma-garşylyk ABŞ-nyň harbylarynyň 2014-nji ýyldan soň Owganystanda galmagyna degişli ikitaraplaýyn howpsuzlyk ylalaşygyna degişlidir.

Çak Hagel Owganystanda prezident Hamid Karzaý bilen duşuşmak planynyň ýokdugyny aýdyp, Kabulyň Waşingtonyň pozisiýasy barada habarlydygyny belledi.

Karzai ABŞ bilen howpsuzlyk barada ylalaşyk baglaşylmagyny başda goldapdy, emma soň oňa gol çekmekden boýun gaçyrdy. Eýran bu ylalaşygyň regiony durnuksyzlandyryp biljekdigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG