Sepleriň elýeterliligi

Obama Mandela bilen hoşlaşar


Ak Tam ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamanyň we onuň aýaly Mişel Obamanyň Günorta Afrika Respublikasyna sapar edip, merhum Nelson Mandela bilen hoşlaşyk çäresine gatnaşjakdygyny habar berdi. Obama bu saparyny ABŞ-nyň öňki prezidenti George Buş we onuň aýaly Laura Buş bilen bilelkde amala aşyrar.

Mandela bilen hoşlaşyk çäresi sişenbe güni Ýohannesburg şäheriniň stadionynda geçiriler. Bu çärä ABŞ-nyň öňki prezidenti Bill Klintonyň we öňki döwlet sekretary Hillary Klintonyň, öňki prezident Jimmy Karteriň gatnaşjakdygy barada hem habar berildi.

15-nji dekabrda Mandelanyň doglan şäherinde döwlet derejesinde matam tutular. Nelson Mandela penşenbe güni 95 ýaşynda dünýäden ötdi.
XS
SM
MD
LG