Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainada güýçli protestler geçirilýär


Ýekşenbe güni ýüzlerçe müň protestçi Kiýewiň garaşsyzlyk meýdançasyna çykyp prezident Wiktor Ýanukowiçiň Ýewropa Bileleşigi bilen ýakynlaşmak barada ylalaşyk baglaşmakdan ýüz öwürmek kararyny ýazgardy.

Bu aksiýa gatnaşanlaryň öňünde öňki premýer-ministr, häzir tussaglykda saklanýan Ýuliýa Timoşenkonyň haty okaldy. Timoşenko ukrainalylary Ýanukowiçi häkimiýet başyndan agdarmaga çagyrdy.

“Batkiwşina” partiýasynyň lideri Arseniý Ýatsenýuk protestleriň tutumyny hasam giňeltmegi wada berdi. Ýatsenýuk protestçilere ýüzlenip Kiýewiň hökümet edaralarynyň ýerleşýän bölegini doly gabamaga çagyrdy.

UDAR atly oppozision partiýanyň lideri we boks boýunça dünýä çempiony Witaliý Kliçko ýekşenbe günki protestlere bir milliona golaý adamyň gatnaşandygyny aýtdy.

Polisiýa protestçileriň sanyny 60 müň adam çemesi diýip kesgitledi.

Kiýewiň Garaşsyzlyk meýdançasy üç hepde bäri protestleriň merkezine öwrüldi. Demonstrasiýalar prezident Ýanukowiçiň geçen aýda ÝB bilen assosiasiýa barada ylalaşyga gol çekmekden ýüz öwürmeginiň yzýany başlanypdy.

Ýanukowiç öz kararyny Ukrainanyň Orsýet bilen söwda gatnaşyklaryna zeper ýetirmezlik maksady bilen düşündirdi.
XS
SM
MD
LG