Sepleriň elýeterliligi

Ukrainada protestler dowam edýär


Ukrainanyň Ýewropa Bileleşigi bilen Assosiasiýa ylalaşygyna gol goýmagynyň tarapdary protestçiler duşenbe güni Kiýewde protestlerini dowam etdirýärler. Demonstrantlar ýekşenbe güni geçirlen giň göwrümli ýörişlerde Wladimir Leniniň Kiýewdäki heýkelini ýumurdylar.

Ýekşenbe güni ýüz müňlerçe protestçi Ukrainanyň Ýewropa Bileleşigi bilen ýakyn gatnaşyklary saklamalydygy we prezident Wiktor Ýanukowiçiň wezipesinden çekilmelidigi baradaky talaplaryny güýçlendirmek üçin ukrain paýtagtynda ýygnandylar.

Duşenbe güni irden howanyň sowuk temperaturasyna garamazdan, ýüzlerçe protestçi Kiýewiň Garaşsyzlyk meýdanyna tarap ýörediler.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Ban Ki-mun ýekşenbe güni Ýanukowiç bilen telefon arkaly söhbetdeşliginde protestçiler bilen düşünişmäge çagyryş etdi.

Ýewropa komissiýasy Ukrainadaky krizisi çözmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça başlygy Ketrin Aştonyň şu hepde Kiýewe sapar etjekdigini habar berdi.
XS
SM
MD
LG