Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa: Täze habar gullugy döredildi


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin “RIA Nowosti” döwlet habar gullugyny ýapmak we onuň ýerine “Russiýa şu gün” atly täze halkara habar gullugyny döretmek barada karar çykardy. Gürrüňi edilýän karar duşenbe güni prezidentiň websahypasynda çap edildi.

Karara görä, “Russiýa şu gün” atly habar gullugy “RIA Nowostiniň” emlägini ulanar. Gürrüňi edilýän täze habar gullugynyň merkezi binasy Moskwanyň 4-nji Zubowskiý bulwarynda bolar.

Kararda bellenilmegine görä, “Russiýa şu gün” atly habar gullugy daşary ýurt auditoriýa üçin “Russiýa federasiýasyndaky ilatyň ýaşaýyşy we ýurduň döwlet syýasaty barada maglumat” berer.

Şeýle-de, kararda “Russiýanyň sesi” atly döwlet eýeçiligindäki korporasiýanyň hem ähli emlägi we tehnikasy “Russiýa şu gün” atly habar gullugynyň eýeçiligine geçjekdigi bellenýär.

Dmitriý Kiselýow “Russiýa şu gün” atly habar gullugynyň direktory yglan edildi.
XS
SM
MD
LG