Sepleriň elýeterliligi

Ermeni, türk aktýorlary rekord goýdy


Ermenistanly we türkiýeli aktýorlar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary gowulandyrmak maksady bilen el silkmek boýunça dünýä rekorduny goýdular.

Otuz iki ýaşly ermenistanly Oganes Ajinýan we 35 ýaşyndaky türkiýeli Deniz Baryş Tbiliside gurnalan dabarada 43 sagatlap el silkdiler. Bu dabara döwlete degişli bolmadyk “TANGO” atly türk we ermeni guramasy tarapyndan gurnaldy.

Aktýorlar el silkmäge 6-njy dekabrda başlap, 8-nji dekabrda hem tamamladylar. Bu dabara başyndan soňuna çenli wideo ýazga düşürildi we ol Dünýäniň Ginnes rekordlar kitabyna ugradylar.

Ajinýanyň we Baryşyň aýtmagyna görä, Ermenistanyň we Türkiýäniň arasyndaky taryhy konfliktler iki ýurduň wekilleriniň aragatnaşyk saklamagynyň öňüni alyp bilmez.

Ermenistan 1-nji jahan urşy döwründe 1,5 million ermeniniň köpçülikleýin öldürilmeginde Türkiýäni jogapkär hasaplaýar. Emma Türkiýe muny ret edýär.
XS
SM
MD
LG