Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG: Owgan aýallarynyň hukuklary goralmaýar


Birleşen Milletler Guramasynyň raportynda owgan resmileri Owganystandaky aýal-gyzlaryň hak-hukuklaryny goramaga gönükdirilen ugrukdyryjy kanunyň berjaý edilmezliginde tankyt edilýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň Owganystandaky missiýasynyň ýekşenbe güni ýaýradan raportynda 2009-njy ýylda kabul edilen kanuna laýyklykda ýurtda garalamalaryň we höküm edilmeleriň heniz hem azlygyna galýandygy aýdylýar.

Gürrüňi edilýän bu kanun çaga we mejbury nikalar, mejbury öz-özüňi otlamaklyk, jynsy zorluk we aýallara garşy gönükdirilen beýleki ýowuzlyklary jenaýatlaşdyrýar.

BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissary Nawi Pillaý gürrüňi edilýän kanunyň durmuşa geçirilişi “haýal we birsydyrgyn däl” diýdi. Ol “Aýal-gyzlary goramakda üstünlik gazanmak üçin owgan resmileriniň has köp tagalla etmelidigini” sözüniň üstüne goşdy.

Raportda bellenilmegine görä, Owganystanyň 16 welaýatynda aýallara garşy ýowuzlyklarda hasaba alnan 1 müň 670 wakanyň diňe 7%-i sud prosesinden geçipdir.
XS
SM
MD
LG