Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat: Etiň "gara bazarlary" döreýär


Et
Et
Paýtagtyň bazarlarynda satylýan elin etiň möçberi geçen ýylyň güýz aýlaryndan bäri görnetin azaldy.

Bir hepde mundan ozal bazarlarda elin et örän çäkli satylýardy. Bazarlaryň käbirinde her adama belli bir möçberde elin et satylan bolsa, käbirlerinde köp süňkli et satylýardy. Emma indi bir hepde bäri paýtagtyň bazarlarynda asla açyk söwdada elin et ýok.

Daşary ýurt etleri

Häzir paýtagtyň bazarlarynda elin etiň ýerine bir-iki ýyl mundan ozal satylyp başlanan, Hindistandan getirilýän gäwmiş eti hem-de ýaňy-ýakynda Ukrainadan getirilip başlanan sygyr eti satylýar. Bir kilogramy 11-12 manatdan satylýan bu etler ilat arasynda o diýen halanylmaýar.

“Her kim elin eti satyn alanyny gowy görýär. Daşary ýurtdan getirilýän “bloçnyý” diýip atlandyrylýan doňdurylan gäwmiş etini hiç kimiň alasy gelenok. Ukrainadan getirilýän sygyr etiniňem könedigini, onuň gara reňkinden aňsa bolýar” diýip, Parahat mikroraýonynyň ýaşaýjysy Gyzylgül daýza aýdýar.

Gyzylgül daýzanyň ýaşaýan raýonyndaky “mir bazar” diýip atlandyrylýan bazaryň etçi söwdagäri hem daşary ýurtlardan getirilýän etleriň ilat arasynda o diýen meşhur däldigini aýdýar. Onuň aýtmagyna görä, bu eti, esasan, naharhanlar, kafeler we restoranlar köp satyn alýarlar, ýönekeý adamlar o diýen satyn alyp barmaýarlar.

Hökümetiň gözegçiligi

Paýtagtyň bazarlarynda elin etiň azalmagy geçen ýyldan bäri hökümetiň etiň
bahasyny berk kontrollykda saklamak synanyşygy bilen bagly. Ýatlap geçsek, geçen ýylyň iýul aýyndan “buhanka” çöreginiň bahasynyň gymmatladylmagynyň yzysüre etiň bahasy-da ýokary galdy. Şonda häkimiýetler bazarda etiň bir kilogramyny 12 manatdan ýokary satmagy gadagan edipdiler.

Bazarlarda bu düzgün bilen ylalaşmadyk hususy et söwdagärlerine garşy administratiw çäreler hem görüldi. Netijede bazarlardan bu düzgüne boýun bolmadyk hususy et söwdagärleriniň käbirleri çykaryldylar, käbirleri bolsa özleri bazarlary terk etmäge mejbur boldular.

Bu düzgün boýunça elin et satýan etçi söwdagärler elin etiň bir kilogramyny 12 manatdan satmaga mejbur bolupdylar. Bu nyrh bolsa elin etiň hakyky bahasyndan 6-8 manat arzandy.

"Paýa girmek"

Häkimiýetler tarapyndan etiň bahasyny bir derejede saklamak üçin görlen çärelere garamazdan, hakyky bahasyny berseň, bazarlardan elin et tapyp bolýar. Söwdagärleriň käbirleri, sowet döwründäki ýaly, elin eti gizlinlikde satmaga mejbur bolýarlar.

Ors bazarynyň adynyň efirde tutulmagyny islemedik et söwdagäriniň aýtmagyna görä, bazarlarda gizlin satylýan etiň bir kilogramynyň bahasy 18-20 manat aralygynda. Ol munuň häzir paýtagtda etiň hakyky bahasydygyny aýtdy.

Ors bazarynyň et söwdagäriniň aýdýan et nyrhy bazarlardan gaýry ýerlerde satylýan etiň bahasy bilen deň. Bazarlarda et söwdasyna girizilen çäklendirmeleriň netijesinde hususyýetçi et söwdagärlerinden et satyn alýan müşderileriň sany-da köpeldi.

Il içinde “paýa girmek” diýip at alan et söwdasy häzirlikçe paýtagt boýunça elin eti tapmagyň ýeke-täk usuly diýip aýtsa hem boljak. Paýtagtyň ýaşaýjylarynyň “paýa girilýän” et söwdasyna häkimiýetler kontrollyk etmeýärler.

Paýtagtyň bazarlarynda et söwdasy bilen bagly dörän ýagdaýyň ilatyň ähli gatlaklaryna öz täsirini ýetirýändigine garamazdan, häkimiýetler bu ugurda alyp barýan işleri barada ilat köpçüligine habar serişdeleri arkaly hiç hili düşündiriş bermeýärler.

Elin etiniň gytçylygynyň ilat arasynda giňden bellenilýän Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda döremegi köpleri nägile edýär. Bu ýagdaýyň etiň bahasynyň has-da ýokary galmagyna getirip biljekdigini aýdýanlar hem az däl.

XS
SM
MD
LG