Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kiýew protestleri gijesi bilen dowam etdi


Käbir protestçiler sowet döwletini esaslandyryjy Wladimir Leniniň ýadygärligini ýykdylar.
Käbir protestçiler sowet döwletini esaslandyryjy Wladimir Leniniň ýadygärligini ýykdylar.
Müňlerçe protestçi Kiýewiň köçelerinde gijesi bilen galdy.

Ýekşenbe güni ukrain paýtagtynda ýarym milliona çenli adam proteste çykyp, Ýewropa Bileleşigi bilen has ýakyn gatnaşyklaryň gurulmagyny hem-de prezident Wiktor Ýanukowiçiň işden çekilmegini talap etdi.

Käbir protestçiler sowet döwletini esaslandyryjy Wladimir Leniniň ýadygärligini ýykdylar.

Ukraina: Protestçiler Leniniň heýkelini ýykdylar
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:50 0:00

"Hoş gal, sowet mirasy" diýip, oppozisiýadaky kanunçykaryjy Andriý Şewçenko Twitterde ýazdy.

Ukrainanyň premýer-ministriniň sözçüsi Mikola Azarow ýadygärligiň ýykylmagyny "wagşylyk" diýip atlandyrdy.

Oppozisiýa liderleri özleriniň bu waka ilteşikleriniň bardygyny ret etdiler.

Howpsuzlyk resmileri oppozisiýa garşy döwlet agdarylyşygy synanyşygy babatda derňew işini açandyklaryny yglan etdiler.

Azatlyk we Azat Ýewropa radiosynyň habarçysy garaňky düşensoň müňlerçe protestçiniň maşynly, barrikadalar we çadyrlar bilen esasy hökümet binalarynyň öňüni böwetländigini, bu ýagdaýyň dartgynlyklaryň ýokarlanmak ähtimallygyny has güýçlendirendigini aýtdy.

Ýewropa komissiýasynyň prezidenti Hose Manuel Barroza Ýanukowiç bilen bolan telefon gürrüňi mahalynda «syýasy çözgüdiň zerurlygyna» basyş etdi.

ÝB-niň daşary syýasat başlygy Ketrin Aşton şu hepdäniň aýagynda, Brýusseliň bu gapma-garşylygy aradan aýyrmak ugrundaky tagallalarynyň çäginde, Kiýewe gelmeli.

Ýanukowiç BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-mun bilen hem bu krizis barada maslahat etdi.

Polisiýa güýçleri merkezi Kiýewde, 9-njy dekabr, 2013.
Polisiýa güýçleri merkezi Kiýewde, 9-njy dekabr, 2013.
BMG-niň beýanatynda Ban "Ukrainadaky ýagdaý barada çuňňur aladalanýandygyny, ol ýerde zorluga hiç bir orun bolmaly däldigini aýtdy we degişli taraplaryň arasynda parahatçylykly gepleşige çagyrdy» diýilýär.

Oppozisiýadaky «Udar» partiýasynyň lideri, boks çempiony Witaliý Kliçko ýekşenbe güni irden protestçi märekä ýüzlenip, şeýle diýdi:

"Men siziň her biriňize ýüzlenmek isleýärin, raýat pozisiýaňyz üçin, passiw bolamandygyňyz üçin sag boluň, sag boluň. Siz öz geljegiňiziň tarapynda durýarsyňyz. Geljek maňa ýa-da başga bir oppozisiýa liderine bagly däl, geljek siziň her biriňize bagly. Biziň hemmämiz birleşmeli we ýeňmek üçin ähli zady etmeli."

Azatlyk we Azat Ýewropa radiosynyň habarçysy Tom Balmfors protestçileriň parahat, emma gaýduwsyz durumyny suratlandyryp, şeýle diýdi:

"Märekäniň tertip-düzgünliligi örän ýokary. Itekleşmek ýok, kim bilen gürleş, ýa gapdalyňda duran adamlaryň ýüzüne seret, güler ýüzli adamlary görýäň. Emma muňa garamazdan, ol ýerde örän kän gaýduwsyzlyk bar."

Protestçiler Ýanukowiçiň geçen aý birden Ýewropa Bileleşigi bilen öňden planlaşdyrylyp gelýän Assosiasiýa şertnamasyna gol çekmegi soňa goýmagyna gaharlandylar.

Ýanukowiç Ukraina muňa derek, ýagny ÝB bilen ýakynlaşamaga derek Moskwa bilen has ýakyn hyzmatdaşlykda bolmaga çalşar diýdi.

Ýanukowiç anna güni Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy, emma olaryň ikisi hem Ukrainanyň Orsýetiň ýolbaşçylygyndaky gümrük bileleşigine goşulmagy barada maslahat edilendigini ret etdi.
XS
SM
MD
LG