Sepleriň elýeterliligi

Ukraina: Ýanukowiç gepleşiklere razy boldy


Ukraine, Kiýew protestleri, 8-nji dekabr, 2013.

Ukraine, Kiýew protestleri, 8-nji dekabr, 2013.

Prezident Wiktor Ýanukowiç Ukrainadaky krizisden çykmak üçin oppozisiýanyň gatnaşmagynda tegelek stol gepleşiklerini geçirmegiň arkasyny aldy.

Ýanukowiç duşenbe güni ýaýradylan beýanatda özüniň Ukrainanyň öňki prezidenti Leonid Krawçuk tarapyndan öňe sürlen tegelek stol gepleşiklerini goldandygyny aýtdy.

Beýanatda bütin ýurt möçberinde geçiriljek tegelek stol gepleşikleriniň düşünişmek üçin palatforma, esas boljakdygy aýdylýar.

Şeýle-de Ýanukowiç sişenbe güni ýurduň öňünde duran esasy meseleler barada maslahatlaşmak üçin Krawçuk we ýene iki öňki prezident, Leonid Kuçma we Wiktor Ýuşçenko bilen duşuşmagy planlaşdyrýar.

Ukrainada üç hepdä golaý halk protestleri dowam edýär. Ol protestler Ýanukowiçiň ÝB bilen ugur kesgitleýji assosiasiýa şertnamasyna gol çekmegi soňa goýmagy hem-de oňa derek Orsýet bilen gatnaşyklary ýygjamlatmaga çalyşmagy sebäpli başlandy.
Kiýew, Garaşsyzlyk meýdany. 8-nji dekabr, 2013.

Kiýew, Garaşsyzlyk meýdany. 8-nji dekabr, 2013.


Bular 2004-nji ýyldan bäri bolan iň uly protestler boldy.

Krawçuk, Kuçma we Ýuşçenko geçen hepde ýaýradan beýanatlarynda özleriniň ÝB-ä tarapdar protestleri goldaýandyklaryny aýtdylar.

ÝB-niň daşary syýasat başlygy Ketrin Aşton bu krizisi çözmäge kömekleşmek üçin sişenbe güni Kiýewe ugraýar. Onuň sözçüsi Maýa Kosiýansiç Aşton ähli taraplaryň wekilleri bilen duşuşar diýdi:

"Men ozaly ÝB-niň ýokary derejeli komissary Ketrin Aştonyň ertir we çarşenbe güni Kiýewde boljagyny tassyklap biljek, diýmek bu iki günlük sapar bolar. Onuň iki tarapyň hem esasy wekilleri, hökümet we oppozisiýa, şol sanda raýat jemgyýeti bilen duşuşmagyna garaşylýar. Häzirki pursatda biz programmanyň üstünde işleýäris, emma men dolurak maglumatyň maňa agşamara gowuşmagyna garaşýaryn.»

Şu arada, duşenbe güni Içeri işler ministrliginiň güýçleri paýtagtyň protest geçirilýän ýerleriniň, şol sanda Garaşsyzlyk meýdançasynyň daşyna esgerleri ýerleşdirmäge başlady.

Ýekşenbe güni Garaşsyzlyk meýdançasynda ýarym milliona golaý protestçi toplanyp, olar hökümetiň işden çekilmegini we irki saýlawlaryň geçirilmegini talap etdiler.

Oppozisiýa lideri Witaliý Kliçko duşenbe güni «Roýters» habar gullugyna özüniň, başga oppozisiýa liderleri bilen, Ýanukowiç bilen eglişik, ylalaşyk gepleşigini geçirmäge taýýardygyny aýtdy.

Emma Kliçko, polisiýanyň protestçileri dargatmak üçin derhal herekete başlamak ähtimallygyna garamazdan, adamlary Garaşsyzlyk meýdançasyna toplanmaga çagyrdy.
XS
SM
MD
LG