Sepleriň elýeterliligi

Kiýew: Syýasy krizis maslahat edilýär


Ukrainada syýasy krizisyň öňüni almak boýunça tagallalaryň sişenbe güni ýene güýçlenmegine garaşylýar. Soňky ençeme hepdäniň dowamynda müňlerçe protestçi Kiýewiň köçelerine çykyp, prezident Wiktor Ýanukowiçiň ÝB bilen köp wagtlap garaşylan ylalaşyga gol çekmekden boýun gaçyrmagyna nägilelik bildirdi.

ÝB-niň daşary syýasat boýunça ýolbaşçysy Katrin Aşton sişenbe güni Ukrainanyň paýtagty Kiýewe eden iki günlük saparynyň dowamynda krizisden çykalga tapmak meselesini maslahat eder.

Prezident Ýanukowiç Ukraindaky ýagdaýy barada ýurduň öňki üç prezidenti Leonid Krawçuk, Leonid Kuçma we Wiktor Ýuşenko bilen maslahat geçirer.

Duşenbe güni Ýanukowiç oppozisiýa bilen bilelikde maslahat geçirilmegine goldaw bildirdi. Emma onuň sözlerine garamazdan, duşenbe güni dartgynlylyk güýçlendi, ýöriteleşdirilen polisiýa bölümleri oppozision “Batkiwşina” partiýasynyň edarasyna hüjüm edip, kompýuterleri we beýleki enjamlary ele saldylar.

Geçen gijäniň dowamynda polisiýanyň we protestçileriň arasynda birnäçe çaknyşyklaryň bolandygy barada habar berildi, ençeme protestçi ýaralanypdyr.
XS
SM
MD
LG