Sepleriň elýeterliligi

Adam hukuklarynyň halkara güni bellenýär


Sişenbe güni tutuş dünýäde Adam hukuklarynyň halkara güni bellenýär.

Ermenistanda oppozision toparlar paýtagt Ýerewanda ýöriş geçirmek arkaly adam hukuklary meselesine ünsi çekýärler. Päkistanda häkimiýetler raýatlary howpsuzlygy, parahatçylygy we abadançylygy güýçlendirmek boýunça geçirilýän çärelere gatnaşmak arkaly bu senäni bellemäge çagyrýarlar.

Gazagystanda adam hukuklarynyň halkara gününi bellemek boýunça çäreleriň ençeme şäherlerde geçiriljegi barada habar berildi. Emma ýurtda yslamçy hereketleriň aktiw bolan ýeri hasaplanýan Atyrau şäherinde aktiwistler özleriniň jemlenmegine häkimiýetleriň päsgel berýändiklerini aýdýarlar.

Gyrgyzystanyň adam hukuklary boýunça baş wekiliniň ýolbaşçylygynda geçirilen ýörite dabara adam hukuklary boýunça köp aktiwistleriň we hökümet resmileriniň gatnaşmakdan boýun gaçyrandygy barada habar berildi.

Adam hukuklarynyň halkara güni 1950-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ykrar edilipdi.
XS
SM
MD
LG