Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Afrika: Mandela bilen hoşlaşylýar


Sişenbe güni Nelson Mandelanyň hatyrasyna geçirilýän matam dabarasyna dünýäniň 70-den gowrak ýurdunyň liderleriniň gatnaşýandygy barada habar berildi.

Ýohannesburg şäheriniň stadionynda 100 müň çemesi adamyň gatnaşmagynda geçirilýän bu çärä ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama, Britaniýanyň premýer-ministri Dawid Kameron, Fransiýanyň prezidenti Fransua Hollande hem gatnaşýarlar. Dünýä liderleriniň ençemesi hoşlaşyk çäresinde çykyş edýär.

Günorta Afrikanyň häkimiýetleri düşenbe güni geçirilýän bu hatyra dabarasynda howpsuzlygy berjaý etmek üçin düýpli çäreleri amala aşyrdylar.

Apparteide garşy göreşiň lideri we Günorta Afrika respublikasynyň ilkinji garaýagyz lideri Nelson Mandela 5-nji dekabrda 95 ýaşynda aradan çykdy. 15-nji dekabrda Mandela özüniň doglan obasynda jaýlanar.
XS
SM
MD
LG