Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nobel baýragy gowşurylýar


Sişenbe güni Norwegiýanyň paýtagty Osloda 2013-nji ýylyň parahatçlyk boýunça Nobel baýragy Himiki ýaraglary gadagan ediji gurama gowşurylar.

Grama berilen bu baýragy dabaraly ýagdaýda guramanyň baş ýolbaşçysy Ahmet Uzumçu kabul eder. BMG-niň goldamagynda iş alyp barýan Himiki ýaraglary gadagan ediji gurama şu ýyl Siriýada himiki ýaraglary öndürýän desgalary ýok etmek teklibini öňe sürüpdi.

Medisina, fizika, himiýa, edebiýat we ykdysadyýet boýunça Nobel baýraklarynyň gowşurylyş dabaralary sişenbe güni Stokholmda geçirilýär.

Kanadaly ýazyjy 82 ýaşly Alise Munro salgyk sebäpli Swesiýa syýahat edip bilmedi. Oňa edebiýat boýunça berilen Nobel baýragyny gyzy Jenifer kabul eder. Her Nobel baýragy 1.2 million dollar möçberde kesgitlenýär.
XS
SM
MD
LG