Sepleriň elýeterliligi

Pakistan-Eýran: Gazgeçiriji barada ylalaşyldy


Pakistan gazgeçiriji proýektini tizleşdirmek barada Eýran bilen ylalaşandygyny habar berdi.

Pakistanyň Daşary işler ministrliginiň sişenbe güni ýaýradan beýannamasyna görä, iki ýurduň bilermenleri tiz wagtda duşuşyp, Eýranyň Günorta Pars gaz ýataklaryndan gazy Günorta Aziýanyň bazarlaryna çykarmagy göz öňünde tutýan proýekt barada maslahat geçirerler.

Eýran gazgeçirijiniň öz giňişliginden geçýän böleginiň 900 çemesi kilometrini gurdy. Pakistan bolsa gazgeçirijiniň özüne degişli bölegini gurmakda uly öňegidişlik gazanyp bilmedi. Pul ýetmezçiligi we bu gurluşygyň Eýran babatyndaky sanksiýalara ters gelmegi barada ABŞ tarapyndan edilen duýduryşlar muňa sebäp boldy.

ABŞ bahasy 7.5 milliard dollara durýan bu proýekte garşy çykyş edýär we gurluşygyň Eýranyň ýadro programmasy bilen baglylykda Tährana garşy girizilen halkara sanskiýalaryna ters gelýändigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG