Sepleriň elýeterliligi

Ukraina: Krizisi çözmek tagallalary edilýär


ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň kömekçisi Wiktoria Nuland (çepden 2-nji) Garaşsyzlyk skwerindeki oppozisiýa lagerine barýar. Kiýew,10-njy dekabr, 2013.

ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň kömekçisi Wiktoria Nuland (çepden 2-nji) Garaşsyzlyk skwerindeki oppozisiýa lagerine barýar. Kiýew,10-njy dekabr, 2013.

Ukrainadaky syýasy krizisi çözmäge gönükdirilen tagallalaryň sişenbe güni biraz güýçlenmegine garaşylýar.

Prezident Wiktor Ýanukowiçiň Ýewropa Bileleşigi bilen köp garaşylan şertnamany yza süýşürip, Orsýet bilen has ýakynlaşmaga çalyşmagyna gaharlanan müňlerçe adam indi üç hepdä golaý Kiýewiň köçelerinde protest geçirýär.

ÝB-niň daşary syýasat ýolbaşçysy Ketrin Aşton Kiýewe sişenbe güni başlanýan iki günlük saparynyň dowamynda bu krizisden çykmagyň ýollaryny tapmak barada maslahat eder. Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretarynyň kömekçisi Wiktoriýa Nuland hem Ýanukowiç we oppozisiýa bilen duşuşmaly.

Şu arada Ýanukowiç bu mesele barada ozalky ukrain prezidentleriniň üçüsi, Leonid Krawçuk, Leonid Kuçma, Wiktor Ýuşçenko bilen maslahat etmeli.

Ýanukoçiw duşenbe güni özüniň milli tegelek stol gepleşiklerini geçirmek teklibini kabul edendigini aýtdy.

Onuň bu sözlerine garamazdan, polisiýa güýçleri duşenbede oppozisiýadaky Batkiwşina partiýasynyň baş edarasyna zabt edip, kompýuterleri we beýleki enjamlary ele geçirenden soň, dartgynlylyk has ýokarlandy.

Içeri işler ministrligi bu wakadan soň bir beýanat ýaýradyp, özleriniň emläk galplygy bilen bagly derňew geçirýändigini aýtdy.

"Ýanukowiç juda ýalňyşýar"

Partiýa lideri Arseniý Ýatsenýuk bu wakadan soň şeýle diýdi:

"Eger prezident Ýanukowiç Ukrainanyň syýasy krizisini kanun goraýjy gulluklar we ýörite Berkut polisiýa güýçleri bilen çözüp bilerin öýdýän bolsa, ol juda ýalňyşýar. Sebäbi 10 müň Berkut polisiýa esgeri 45 millionly ýurduň ýüzbe-ýüz bolýan problemalaryny çözüp bilmeýär. Eger ol bizi gorkuzaryn öýdýän bolsa, ol muny bilmeli, bu oňa hiç bir netije bermez."

Ýatsenýuk oppozisiýanyň Garaşsyzlyk skwerinde, ullakan protest meýdanyna öwrülen ýerde galjakdygyny wada berdi.

Polisiýa şäheriň dürli ýerlerinde kiçiräk protestleriň öňüni baglady, hökümet binalaryna golaý gurlan protest çadyrlaryny ýykdy.

Gije pitnä garşy polisiýa bilen protestçileriň arasynda birnäçe çaknyşygyň bolandygy habar berildi.

Kiýew polisiýasynyň ýerine ýetiriji başlygy Waleriý Mazan sişenbe güni žurnalistlere gije ýol petiklerini açmak we protestçi çadyrlaryny aýyrmak bilen bagly darkaşlarda iki polisiýa ofiseriniň ýaralanandygyny aýtdy. Ol hiç kimiň tussag edilmändigini hem sözüne goşdy.

«Swoboda» partiýasynyň lideri Oleh Tiahnibok bu tutluşyklarda protestçileriň hem birnäçesiniň ýaralanandygyny aýtdy.

Garaşsylyk skweriniň golaýyndaky metro stansiýasy sişenbe güni bomba wehimi sebäpli ýapyldy.

Reýd we protest lagerlerini dargytmak hereketi Günbatarda oňaýsyz garşylandy.

ABŞ alada bildirýär

Birleşen Ştatlaryň wise-perzidenti Jo Baýden Ýanukowiç bilen eden telefon gürrüňinde özüniň bu ýagdaýdan çuňňur alada galandygyny bildirdi.

Aşton Kiýewe gelmeziniň birnäçe sagat öňünden bu wakalaryň ylalaşyga gelmek mümkinçiligine çynlakaý wehim salýandygyny aýtdy.

Nuland duşenbe güni Moskwada, Kremli öz täsirini syýasy çözgüt üçin ulanmaga çagyrmak maksady bilen, uly derejeli rus resmileri bilen duşuşdy.

Birleşen Ştatlaryň ilçihanasy Nulandyň Uraianynň Ýewropa seçgisine we häzirki gapma-garşylygyň zorluksyz, diňe syýasy ýollar arkaly çözülmegine amerikan golawyny bildirendigini aýtdy.

Ýekşenbe güni ýüz müňlerçe protestçi, Ýanukowiçiň çetleşdirilmegini talap etmek üçin, Kiýewe döküldi we hökümet binalarynyň öňüni baglady. Protestçileriň bir bölegi sowetleriň öňki lideri Wladimir Leniniň heýkelini düňderdi.

Fridom haus, Azatlyk öýi guramasy prezident Wiktor Ýanukowiç üçin Ukrainadaky krizisiň parahatçylykly çözgüdiniň ýeke-täk ýolunyň işden çekilmekdigini aýtdy. Fridom hausyň duşenbe güni ýaýradan beýanatynda Azatlyk öýi guramasynyň prezidenti Deýwid J. Kramer «Ýanukowiç ukrian halkynyň goldawyny hem-de ol kanunylygyny ýitirdi» diýdi.

«Onuň protestleri dargytmak kararndan çen tutulsa, Ýanukowiç üçin iň gowy çykalga işden çekilmek üçin arza berip, irki prezident saýlawlaryna ýol arçamak bolup durýar» diýip, Kramer aýtdy.
XS
SM
MD
LG