Sepleriň elýeterliligi

Aşgabat: Türk firmasy $994,5 millionlyk ýol gurar


Paýtagt Aşgabatda gaýtadan rejelenmegi göz öňünde tutulýan köçeler.

Paýtagt Aşgabatda gaýtadan rejelenmegi göz öňünde tutulýan köçeler.

Türkiýäniň kärhanalary 2013-nji ýylyň 11 aýynyň dowamynda Türkmenistanda 10,2 milliard amerikan dollarlyk gurluşyk şertnamalaryny baglaşypdyrlar. Bu barada, Türkiýäniň ykdysadyýet ministri Zafer Çaglaýana salgylanyp, türk habar serişdeleri maglumat berýärler.

Maglumata laýyklykda, türk kampaniýalary 2013-nji ýylyň ýanwar aýyndan başlap noýabr aýyna çenli bütin dünýäde jemi 23,7 milliard amerikan dollaryna barabar 235 proýektiň gurluşygyny ýerine ýetirmek üçin şertnama baglaşypdyrlar. Şol proýektleriň 44%-niň Türkmenistanyň paýyna düşýändigi bellenilýär.

Türk gurluşyk kampaniýalary Aşgabatda guruljak we umumy bahasy 994,5 million amerikan dollaryna barabar boljak 12 köçäniň gaýtadan gurluşygyny öz üstüne aldylar diýlip, bu maglumatda habar berilýär.

Türk habar serişdelerinde berlen maglumatda 994.5 million amerikan dollara paýtagt Aşgabadyň anyk haýsy köçeleriniň täzeden rejelenjekdigi barada hiç zat aýdylmaýar.

Emma, ýatlap geçsek, ýakynda Türkmenistanyň prezidentiniň ýörite karary bilen Aşgabatda umumy uzynlygy 59 km deň 12 sany magistral köçäni täzelemek, 18 köprini we 39 ýerasty geçelgäni gurmak boýunça görkezme berlipdi
.
Magtymguly, Atamyrat Nyýazow, Andalyp, Gurbansoltan eje, Oguzhan we beýleki köçeleriň gurluşyk işleri Türkiýäniň «Nata Insaat Turism Ticaret ve Sanayi A.S.» kärhanasyna berlipdi. Şol wagt Türkmenistanyň habar serişdelerinde bu proýekte harçlanjak maliýe serişdeleri barada kelam agyz söz aýdylmandy.

Türk habar serişdeleriniň ýaýradan maglumatyndan çen tutulsa, 2013-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýy aralygynda türk kampaniýalarynyň gurluşygyny ýerine ýetirmek üçin gol goýan şertnamalarynyň arasynda 10,2 milliard amerikan dollarlyk 48 sany proýekt bilen Türkmenistan birinji, 2,2 milliard amerikan dollarlyk 26 proýekt bilen Russiýa ikinji, 1,6 milliard amerikan dollarlyk 48 proýekt bilen Yrak üçünji ýerde ýerleşdirilipdir.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG