Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tuhbatullin: Halkyň özi hem günäkär


Köpçülikleýin çärä gatnaşaýan adamlar
Köpçülikleýin çärä gatnaşaýan adamlar
Duşenbe güni "Adam hukuklary boýunça Halkara hyzmatdaşlygy" topary we Adam hukuklary boýunça "Türkmen inisiatiwasy" topary ýörite beýanat ýaýradyp, onda Türkmenistanda geçiriljek parlament saýlawlarynda ýeterlik derejede syýasy köpdürliligiň (pluralizmiň) ýokdugyny bellediler.

Azatlyk Radiosy düýbi Wenada ýerleşýän "Türkmen inisiatiwasy" toparynyň ýolbaşçysy Farid Tuhbatullin bilen söhbetdeş bolup, golaýda ýaýradan beýanaty dogrusynda gürrüň etdi.

Azatlyk Radiosy: Farid, şu beýanaty ýaýratmagyňyzyň sebäpleri barada gürrüň beräýseňiz?

Farid Tuhbatullin: Hawa, bu gezek Türkmenistandaky parlament saýlawlary iki syýasy partiýanyň gatnaşmagynda geçirilýär. Şeýle-de dalaşgärleriň arasynda garaşsyz diýilýän toparlaryň wekilleriniň hem bardygy aýdylýar.

Emma iki syýasy partiýanyň gatnaşmagy, bu saýlawlaryň demokratiki esaslarda geçjekdigini aňlatmaýar.

Birinji bilen, azat metbugat bolmaly. Metbugat arkaly deputatlyga dalaş edýänler halk bilen gürrüňdeşlige geçip bilerdiler. Şeýle-de, belli bir sebäplere görä, kandidaty hödürläp bilmedik toparlar hem metbugatda çykyş edip, öz nukdaýnazarlaryny beýan edip bilerdiler. Raýatlar hem azat medianyň üsti bilen özlerine wekilçilik etjek adamlara ýüzlenip, olara [özlerini] gyzyklandyrýan soraglary berip bilerdiler. Diýjek bolýanym, [umumy ugurdan] tapawutlygaraýyşlar we çykyşlar bolmaly.

Ikinjiden, biziň hemmämmiz ozalky medeniýet ministri Nurmuhammedow bilen bolan ýagdaýlary bilýäris. Alternatiw dalaşgärleri hödürlär ýaly bir toparyň döredilmelidigi barada dil ýarandan soň, ol mejbury ýagdaýda neşe hasshanasynda dokuz aýlap jemgyýetden üzňe saklanyldy.

Türkmenistanda garaşsyz habar serişdeleriniň ýoklugy bilen birlikde türkmen hökümetiniň ýurduň daşyndan içine maglumat salmajak bolup edýän tagallalary zerarly-da ýurduň alternatiw saýlawlara entek taýýar däldigini aýtsa bolar.

Häzikri bolup geçýän zatlar, hatda formal derejede hem dünýäniň siwilizlenen döwletlerinde berjaý edilýän halkara normalara asla gabat gelenok.

Azatlyk Radiosy: Farid, siz türkmen hökümetiniň alternatiw saýlawlara taýýar däldigini aýdýarsyňyz. Şol bir wagtda-da türkmen hökümeti syýasy partiýalar, media barada kararlaryň kabul edilendigini öňe sürýär. Bu aralykda halkyň nähili orny, wezipesi bolup biler?

Farid Tuhbatullin: Eger-de Türkmenistanda häzirki emele gelen ýagdaýlary nazara alsak, onda esasy günäniň jemgyýetiň özündedigini aýtmak bolar. Eger-de ol çydamaga razy bolsa, onda, diýmek, ol häzirki režimiň dowam etmegine razy bolýar-da! Diýmek, ähli günäni häkimiýetiň başyndaky režime ýöňkemek hem dogry bolmasa gerek.

Başga bir tarapdan türkmenistanlylar, men häzirki üç nesli göz öňünde tutýaryn, demokratiýanyň nämedigini görmändiler. Ilkibaşda sowet režimi, soňra Nyýazowyň we Berdimuhamedowyň döwürleri. Olarda demokratiýa barada anyk bir düşünje hem ýok bolara çemeli.

Netijede halkyň käbir zatlaryň ters ugra ýazmagyndan howatyrlanýan bolmagy mümkin. Türkmenistanlylaryň ýagdaýlaryň Siriýanyň ýa-da başga bir şolar ýaly ýurtlaryň mysalynda özgermeginden çekinýän bolmagy ähtimal.

Emma, saýlawlar barada gürrüň edilende, bu düýbünden tersine. Bu arzyňy häkimiýetlere ýetirmek üçin bir mümkinçilik. Döwleti dolandyryjylaryň halky sylamagy üçin garaşsyz deputatlaryň bolmagy zerur.
XS
SM
MD
LG