Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina: Nemirýa Strasburga barýar


Ukrainanyň oppozisiýadaky Batkiwşina partiýasynyň başlygynyň orunbasary Grigoriý Nemirýa Ýewropa Parlamentiniň agzalary we Ýewropa Bileleşiginiň syýasatçylary bilen duşuşmak üçin Strasburga gitdi.

Batkiwşinanyň resmileriniň berýän maglumatyna görä, Nemirýa partiýanyň tussaglykdaky zenan başlygy we ýurduň öňki premýer-ministri Ýuliýa Timoşenkonyň haýyşy bilen çarşenbe güni saparyna başlapdyr.

Nemirýanyň häzirki wagt Ukrainada dowam edýän protestleri maslahat etmegine garaşylýar. Bu protestler prezident Wiktor Ýanukowiçiň Ýewropa Bileleşigi bilen Assosiasiýa ylalaşygyna gol goýmazlyk barada gelen kararyndan soň möwjedi.

Ýewropa Bileleşigi Timoşenkonyň wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmakda aýyplanyp tussag edilmeginiň syýasy matlaplydygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG