Sepleriň elýeterliligi

Urugwaý: Marihuana kanunlaşdyryldy


Urugwaý marihuananyň ösdürilip ýetişdirilişini, satylyşyny we ulanylyşyny kanunlaşdyrýan ilkinji döwlet boldy.

Ýurduň Senaty hökümetiň goldamagyndaky kanun taslamasynyň kabul edilmegini goldap ses berdi. Täzelikçi bu sosial synaga neşe serişdelerini kanunlaşdyrmagy maslahat edýän ýurtlar ýakyndan syn ederler.

Kanun taslamasyna laýyklykda neşe maddasyny ulanyjylar rugsatnamaly dermanhanalardan her aý iň köp 40 gram neşe maddasyny satyn alyp bilerler. Ýöne munuň üçin olar 18 ýaşyny dolduran Urugwaýyň raýaty we hökümetiň maglumatlar gorunda hasaba alnan bolmaly. Bu gor olaryň her aý neşe maddasyny satyn alyşyna gözegçilik eder.

Gürrüňi edilýän kanun taslamasy ýene 120 günden durmuşa geçirilse, urugwaýlylar her ýyl öz öýlerinde alty marihuana ösümligini ýetişdirip bilerler.
XS
SM
MD
LG