Sepleriň elýeterliligi

Belarus: Gomoseksuallaryň çäresi gadagan edildi


Belarus resmileri gomoseksuallaryň hukuklaryny gorap çykyş edýän iki çäräniň geçirilişini gadagan etdiler. Ýöne belarusly aktiwistler öz çärelerine islendik ýagdaýda dowam etjekdiklerine wada berýärler.

Resmiler ýörişleriň geçirilmegine rugsat bermezligi “tehniki” we wagt problemalary bilen düşündirýär.

Resmiler tarapyndan çäreleriň geçirilmegine rugsat berlen bolsa, çarşenbe güni LGBT, ýagny lezbian, geý, biseksual we transgender ýörişleri, penşenbe güni gomoseksuallaryň hukuklaryny gorap çykyş edýän mitingler geçirilmelidi.

“GaýBelarus” atly milli ýaş raýat bileleşigi resmileriň dürli formatlary ara alyp maslahatlaşmaga göwünsizdigini aýdyp, karary ýazgardylar.

Minskdäki “LGBT” aktiwistleri Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda gadagançylyga garamazdan, köpçülikleýin ýygnanyşyklary geçirjekdigini aýtdylar.
XS
SM
MD
LG