Sepleriň elýeterliligi

Kabulda partlama boldy


Çarşenbe güni Owganystanyň paýtagty Kabulyň halkara aeroportynyň golaýynda janyndan geçen bombaçy daşary ýurt güýçleriniň ulag kerwenine hüjüm etdi.

Owganystanyň Içeri işler ministrliginiň metbugat wekiliniň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, wakada adam ýitgisi bolmandyr.

“Talyban” hereketi bu hüjümiň daşary ýurt güýçlerine garşy amala aşyrylandygyny aýdyp, wakanyň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.

Kabulyň halkara aeroportynda NATO-nyň ýolbaşçylygyndaky komandowaniýeniň esasy bazalarynyň biri, ýagny Halkara howpsuzlyki (ISAF) güýçleri ýerleşýär.
XS
SM
MD
LG