Sepleriň elýeterliligi

Mandelanyň tabydy hökümet binasynda


Çarşenbe güni Nelson Mandelanyň tabydy Günorta Afrikanyň “Pretoria” köçesinden ýurduň hökümet binasyna alnyp gidildi.

Şol pursat müňlerçe adam janly koridor bolup, hatara düzüldiler.

Togsan bäş ýaşyndaky Mandelanyň 5-nji dekabrda aradan çykmagy ýurtda hasratyň döremegine sebäp boldy. Ol 1994-1999-njy ýyllarda Günorta Afrika ýolbaşçylyk eden ýurduň ilkinji garaýagyz prezidentidir.

Mandelanyň tabydy üç gün hökümet binasynda saklanar. Ol bu binada 1994-nji ýylda prezidentlige kasam edipdi.

Mandela ýekşenbe güni Ýohannesburg şäherinden 700 kilometr uzaklykda ýerleşýän Kunu obasynda jaýlanar.
XS
SM
MD
LG