Sepleriň elýeterliligi

Nuland Kiýewde duşuşyk geçirdi


ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň kömekçisi W.Nuland protestçilere we polisiýa çörek paýlaýar, Kiýew, 11-nji dekabr, 2013

ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň kömekçisi W.Nuland protestçilere we polisiýa çörek paýlaýar, Kiýew, 11-nji dekabr, 2013

ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň kömekçisi Wiktoriýa Nuland Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiç bilen duşuşdy.

Çarşenbe güni irden Nuland Kiýewiň Garaşsyzlyk meýdançasynda protestçiler bilen duşuşyk geçirdi. Ol simwoliki häsiýetde protestçilere hem polisiýa wekillerine çörek paýlady.

Nulandyň Ukraina sapary prezident Ýanukowiçiň we protestçileriň arasynda dörän krizisi çözmek ugrundaky halkara tagallalarynyň çäginde amala aşyrylýar. Demonstrantlar Ýanukowiçiň ÝB bilen ylalaşyga gol çekmekden boýun gaçyrmagynyň garşysyna nägilelik bildirýärler.

Polisiýa we protestçiler

Üç hepde bäri protestleriň merkezi bolan Garaşsyzlyk meýdançasynda geçen gije protestçileriň we polisiýanyň arasynda çaknyşyklaryň bolandygy barada habar berildi.

Ýöriteleşdirilen polisiýa güýçleriniň aglaba bölegi çarşenbe güni Garaşsyzlyk meýdançasyndan çykaryldy. Bu ýere ýene-de müňlerçe adam jemlendi.

Ukrainanyň oppozision lideri Witaliý Kliçko protestçileriň öňünde eden çykyşynda hökümetiň zorluklara ýol bermeginden soň prezident Ýanukowiçiň häkimiýet başyndan çekilmelidigini aýdyp, protestçileriň muny talap etmäge haklydygyny nygtady.

Ukrainanyň içeri işler ministri Witaliý Zaharçenko protestçileriň zor bilen dargadylmagyna degişli ýagdaýlaryň bolmandygyny aýtdy.

Içeri işler ministrliginiň resmi websaýtynda çap bolan maglumatda Zaharçenko “Raýatlaryň parahatçylykly protest geçirmek hukugyna hiç kim tokunanok” diýip belledi.

Sişenbe güni Ýanukowiçiň ýurduň öňki üç prezidenti bilen, şeýle-de ÝB-niň daşary syýasat boýunça ýolbaşçysy Ketrin Aşton bilen gepleşik geçirip, krizisden çykalga tapmak meselesini maslahat etmegine garamazdan, polisiýa gije protestçileriň üstüne hüjüm edip, olary hökümet administrasiýasynyň edara jaýlarynyň öňünden kowmaga synanyşdy.

Ukraina sapar edýän Aşton sişenbe güni Ýanukowiç bilen duşuşdy. Ol munuň yz ýanydan polisiýanyň eden hereketlerine “gynanýandygyny” çarşenbe günki beýannamasynda mälim etdi.“Syýasy güýçleriň we jemgyýetiň arasynda dialogyň geçirilmegi güýç ulanmakdan mydama gowudyr” diýip, Aşton nygtady.

Hökümetiň hereketlerine baha

Häzirki wagtda ÝB-ne ýolbaşçylyk edýän Litwanyň daşary işler ministri Linas Linkewiçus çarşenbe güni eden çykyşynda Günbataryň çagyryşlaryna garamazdan, polisiýanyň protestçilere garşy güýç ulanmagy ukrain häkimiýetlerini ynamdan gaçyrdy diýdi.

Şeýle-de Linkewiçus ukrain hökümetiniň protestçilere garşy hereketleri onuň “Ýewropadan ters tarapa barýan ýoly saýlandygyny” görkezýär diýip belledi.

Protestçiler prezident Ýanukowiçiň geçen aýda ÝB bilen assosiasiýa ylalaşygyna gol çekmekden soňky pursatda ýüz öwürmeginden nägilelik bildirýärler. Moskwa Ukrainanyň Orsýetiň ýolbaşçylygyndaky Gümrük bileleşigine girmegi üçin Kiýewe basyş edýär.

Ýanukowiç we onuň hökümeti ÝB bilen ylalaşyk baglaşylmagyň ýurduň Orsýet
bilen ykdysady gatnaşyklaryna zeper ýetirmeginden howatyrlanýandygyny mälim edipdi, şeýle-de ÝB-niň teklip eden maliýe kömeginiň möçberinden närazylyk bildiripdi.

Şol bir wagtda-da Ýanukowiç ÝB bilen geljekde has ýakyn gatnaşykda bolmak niýetini ýene-de mälim etdi.

Premýer-ministr Mykola Azarowyň çarşenbe güni hökümet maslahatynda aýtmagyna görä, Ukraina ÝB bilen assosiasiýa barada ylalaşyga gol çekmekden ozal ondan 20 milliard ýewro möçberinde karz almagy göz öňünde tutýar.

Şeýle-de Azarow ukrain hökümetiniň Orsýet bilen Gümrük bileleşigi barada ylalaşyk baglaşmaga hem taýýar däldigini belledi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG