Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Döwlet guşy" "Ruhnamany" gysýar


G.Berdimuhamedowyň täze romany
G.Berdimuhamedowyň täze romany
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýene bir kitabynyň, «Döwlet guşy» romanynyň kitap dükanlaryna ýaýrap, giň okyjylar köpçüligine gowşandygy habar berilýär. Türkmen metbugaty bu eser barada öwgüli makalalary çap edýär.

Emma indi metbugatda ozal ýurduň birinji ýazyjysy hasaplanan S.Nyýazowyň ady agzalmaýar. Onuň "Ruhnama" kitaby hem gözden uçup barýar. Has dogrusy, prezident Berdimuhmedowyň kitaplary S.Nyýazowyň kitaplarynyň ornuny doly eýeläp barýan ýaly.

Azatlyk Radiosy bu ýagdaý barada aşgabatly ýazyjy A.Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.

XS
SM
MD
LG