Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina: Oppozisiýa gepleşikden ýüz öwürýär


Garaşsyzlyk skwerindäki protestçiler. Kiýew, 11-nji dekabr, 2013.
Garaşsyzlyk skwerindäki protestçiler. Kiýew, 11-nji dekabr, 2013.
Oppozisiýa liderleri prezident Wiktor Ýanukowiçiň gepleşikler teklibini ret etdiler we hökümetiň işden çekilmegini talap edip, aýak depýärler.

Protestçiler Kiýewiň merkezindäki protest meýdanlarynda, şol sanda şäher häkimiliginiň zalynda galmaklaryny dowam etdirýärler. Pitnä garşy polisiýa çarşenbe güni köçeleri protestçilerden arassalamaga synandy, emma soň yza tesdi. Bu gapma-garşylyklarda käbir tutluşyklaryň bolandygy habar berildi.

Pentagon güýç ulanmaly däl diýýär

Pentagon Ukrainanyň goranmak ministri Pawlo Lebedewiň Birleşen Ştatlaryň goranmak sekretary Çak Heýgele Ýanukowiçiň hökümeti demonstrasiýaçylara garşy ýaragly güýçleri ulanmaz diýendigini aýtdy.

Pentagonyň beýanatynda Heýgeliň Lebedew bilen eden telefon gürrüňinde ýaragly güýçleriň asuda ilata garşy hiç bir şekilde ulanylmaly däldigi barada duýduryş berendigi aýdylýar.

Beýanatda Heýgeliň harbylaryň demonstrasiýaçylary dargytmaga goşulmagynyň ýetirip biljek zyýanyny aýratyn nygtandygy we sabyr-kanagatlylyga çagyrandygy bellenýär.

Şu arada, Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamenti Ukrainanyň hökümetine garşy sanksiýa girizmegiň bir mümkinçilik bolup durýandygyny aýtdy.

Sözçi Jen Psaki Waşingtonyň Ukrainadaky gozgalaňlara jogap çäreleri babatda ýewropaly liderler, Halkara pul fondy bilen maslahatlaşýandygyny aýtdy.

"Biziň düýp pikirimiz Ýewropa hem-de Halakara pul fondy bilen gepleşiklere dolanyp gelmekden, elbetde, Ukrainanyň halkyna adalaty we mertebäni getirmekden ybarat. Biziň nukdaý nazarymyzdan ähli syýasat çäreleri, şol sanda sanksiýalar hem nazarda tutulýar, emma bu mesele entek oýlanyp-ölçerilýär."

Döwlet sekretary Jon Kerri hem biraz öň polisiýanyň Kiýewde demonstrasiýaçylary basyp ýatyrmagyna "ýigrenjini" beýan etdi. Ol sabyrlylyga çagyrdy we protestçilere raýdaşlyk bildirip: "Birleşen Ştatlar ukrain halky bilen raýdaş, olar has gowy durmuşa mynasyp" diýdi.

ÝB bilen gepleşilýär

Premýer-ministriň orunbasary Serhiý Arbuzow penşenbe güni Brýusselde Ukrainanyň ÝB bilen Assosiasiýa şertnamasy barada maslahatlaşmak üçin Ýewropanyň giňeliş komissary Stefan Fuele bilen duşuşmaly.

Hökümetiň geçen aý bu şertnama gol çekmekden ýüz öwürmegi we Orsýet bilen gatnaşyklary güýçlendirmäge ýykgyn etmegi protest hereketiniň möwjäp galmagyna itergi berdi. Protestçiler Ukrainada Orsýetiň täsiriniň azalmagyny we ýurduň Günbatar akymyna goşulmagyny isleýärler.

Prezident Ýanukowiç çarşenbe güni Kiýewde ÝB-niň daşary syýasat ýolbaşçysy Ketrin Aşton we ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň kömekçisi Wiktoriýa Nuland bilen duşuşykdan soň oppozisiýa bilen gepleşmek üçin çakylyk çap etdi.

Aşton Brýusselde Azatlyk we Azat Ýewropa radiosyna beren gürrüňinde Ýanukowiçiň özüne Ukrainanyň Assosiasiýa şertnamasyna gol çekjek, ýöne ykdysady meseleleri alada edýän diýendigini aýtdy.

"Ýanukowiç maňa özüniň Assosiasiýa şertnamasyna gol çekmek niýetini açyk aýtdy. Biz ýurduň ýüzbe-ýüz bolup duran gysga möhletli ykdysady kynçylyklary hakynda gürleşdik. Meniň pikirimçe, ol kynçylyklar hakykatdanam bar we olary diňe Ýewropa Bileleşiginiň guramalarynyň kömegi bilen çözüp bolmaz. Bu ýerde hakykatda onuň özüniň çynlakaý ykdysady planynyň bardygyny görkezmegi zerur. Onsoň Assosiasiýa şertnamasyna gol çekilmegi hem oňa zerur bolan maýa goýumlaryny içeri getirmäge kömek eder."

Ýanukowiç ylalaşyga çagyrýar

Ýanukowiç hem öz gezeginde milli telewideniýede çykyş edip, «milli dialoga» çagyrdy.

"Eziz watandaşlar, men köp gezek aýtdym, öňe gitmegiň ýeke-täk mümkin bolan ýoly ýaraşyk we düşünişmek. Ehli tarapdan edilýän hereketler diňe Ukrainanyň Baş kanunynyň çäginde bolmaly. Men ähli syýasy güýçleriň wekillerini, raýat jemgyýetiniň wekillerini umumy milli dialoga çagyrýaryn. Men şunuň ýaly tegelek stol gepleşiklerine gatnaşmaga taýýar."

Emma oppozisiýa liderleri bu teklibi şobada ret etdiler. Olar öz talaplarynda, şol sanda hökümetiň işden çekilmegi we ähli tussag edilen demonstrasiýaçylaryň boşadylmagy meselesinde berk durdy.

Ozalky ministri Arseniý Ýatsenýuk, Batkiwşina fraksiýasynyň lideri şeýle diýdi:

"[Ukrain häkimiýetleri bilen gepleşmäge gezek gelende], bu syýasy liderler tarapyndan çözülmeli mesele däl, bu Garaşsyzlyk skwerinde duran halk tarapyndan çözülmeli mesele. Biz islendik gepleşigi geçirmek üçin şol halkdan ygtyýar almaly."

Tussagda oturan öňki premýer-ministr Ýuliýa Timoşenko hem Ýanukowiç bilen hiç hili gepleşik geçirmeli däldigini duýdurýan beýanat ýaýratdy.
XS
SM
MD
LG