Sepleriň elýeterliligi

Aşton: Ýanukowiç AY-na meýilli


Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça başlygy Ketrin Aşton Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiç ÝB bilen söwda we hyzmatdaşlyk ylalaşygyna “gol goýmaga yhlaslydygyny” aýtdy diýýär.

Geçen aý Ýanukowiçiň gürrüňi edilýän ylalaşyga gol goýmakdan ýüz öwürmegi ýurtda müňlerçe adamyň protest çärelerini geçirmegine sebäp boldy.

Aşton penşenbe güni Brýusselde eden çykyşynda Ýanukowiç tarapyndan ýatladylyp geçilen ýurtdaky ykdysady problemalar Assosiasiýa ylalaşygyna gol goýmak bilen ýeňilleşip biler diýdi.

Beýleki tarapdan Ukrainanyň oppozisiýadaky liderleri Ýanukowiçiň gepleşikleri geçirmek baradaky teklibini ret etdiler we hökümetiň häkimiýetden çetleşmegi üçin çagyryş edýärler.
XS
SM
MD
LG