Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran: Slowak raýatlary boşadyldy


Eýran resmileri içalyçylyk aýyplamalary bilen maý aýynda tussag edilen sekiz slowak paraşýutçylaryň soňky ikisini azatlyga goýberdi. Bu barada Eýranyň resmi “IRNA” habar gullugy maglumat berýär.

“IRNA” habar gullugynyň maglumatynda “Eýran yslam respublikasynyň kanunlaryny bozmakda tussag edilen iki raýat azatlyga goýberildi we öz ilçihanalaryna gowşuryldy” diýilýär.

Mundan ozal alty slowak raýaty sentýabr aýynda azatlyga goýberilipdi. Olar özlerine ýöňkelen içalyçylyk aýyplamalaryny ret edipdiler.

Slowak raýatlary maý aýynda Yspyhan şäheriniň üstünden paraşýut bilen uçandan soň tussag edilipdiler. Bu şäherde Eýranyň ýadro obýektleri ýerleşýär.

Slowak raýatlary öz başdan geçirmelerini ýazga almak üçin uçuşlaryny wideo düşürendiklerini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG