Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Özbek Senaty amnistiýa kabul etdi


Özbegistanyň parlamentiniň ýokary öýi tussaglary boşatmak barada amnistiýany kabul etdi. Parlamentiň kanunçylyk we kanun hukuklary boýunça komitetiniň başlygy Swetlana Artykowa “Amnistiýa Özbegistanyň kanunçylygyndaky reformalaryň şaýadydyr” diýdi.

Amnistiýadan 18 ýaşdan kiçi we 60 ýaşdan ýokary zenanlar, şol sanda daşary ýurt raýatlary peýdalanyp bilerler.

Gadagan edilen toparlarda alyp baran işleri üçin ilkinji sapar tussag edilip, tussaglyk döwri özüni gowy alyp baranlar hem amnistiýa goýberilip bilner. Emma agyr jenaýatlar bilen tussag edilenler we ömürlik ýyl kesilenler amnistiýa düşüp bilmezler.

Gürrüňi edilýän rezolýusiýa prezident Yslam Karimow gol goýmaly. Geçen ýyl Özbegistanyň konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygy mynasybetli 68 müň 809 adam amnistiýa düşüpdi.
XS
SM
MD
LG