Sepleriň elýeterliligi

Kabulda tötänleýin partlama boldy


Penşenbe güni Owganystanyň paýtagty Kabulyň merkezindäki ýarag saklanýan ammarda tötänden dörän heläkçilikli wakanyň netijesinde partlama boldy. Owgan resmileri wakanyň harby hüjüm däldigini aýdýarlar.

Ammarda adam ýitgisiniň bolup-bolmandygy barada maglumat berilmeýär.

Kabul şäher polisiýasynyň başlygy Muhammad Zahir Zahiriň berýän maglumatyna görä, ammardaky minomýot tötänleýin partlapdyr we soňra ammar ot alypdyr. Bu waka NATO-nyň Kabuldaky Baş edarasynyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ilçihanasynyň golaýynda bolup geçdi.

Owganystanyň Milli howpsuzlyk direktoratynyň berýän maglumatyna görä, partlama elektrik togunyň sönüp-ýanmagy netijesinde ýüze çykypdyr we wakada ammara uly zeper ýetipdir.
XS
SM
MD
LG