Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan: Baş sudýa bellenildi


Pakistanyň Ýokary sudunyň täze başlygy wezipesine başlamak üçin kasam etdi. Tassaduk Hussain Jillani 2004-nji ýyldan bäri ýurduň Ýokary sudunda kazy wezipesinde işleýärdi.

Jillaniniň kasam ediş dabarasyna Pakistanyň premýer-ministri Nawaz Şarif we hökümetiň ýokary derejeli resmileri gatnaşdylar.

Ýurduň ýokary sudunyň öňki başlygy Iftikar Çaudri ýokary kazy üçin kabul ederliksiz diýip hasaplanylýan dikdüşdi garaýyşlary üçin aýyplanypdy.

2005-nji ýylda Muşarraf tarapyndan gürrüňi edilýän wezipä bellenen Çaudri şondan üç ýyl soň harby dolandyryşa garşy köçe protestlerini gurnapdy. Bu protestler Muşarrafyň wezipesinden çekilmegine sebäp bolupdy.
XS
SM
MD
LG