Sepleriň elýeterliligi

Siriýa: Žurnalistleri alyp gaçmazlyga çagyrylýar


Dünýäniň on üç sany halkara habar guramasy Siriýanyň ýaragly oppozisiýasyna žurnalistleri alyp gaçmagy bes etmegi üçin çagyryş etdi. Guramalaryň berýän maglumatyna görä, häzirki wagt 30-dan gowrak žurnalist Siriýada alnyp gaçylyp, tussaglykda saklanýar.

Guramalaryň Azat Siriýa armiýasyna we beýleki ýaragly toparlara ugradan hatynda žurnalistleriň alnyp gaçylmagy habar gulluklaryň “Siriýadaky uruş barada köpçülige maglumat bermegini çäklendirýär” diýilýär. Azat Siriýa armiýasy Günbataryň goldamagyndaky topardyr.

Şeýle-de, hatda ýerli hem-de halkara žurnalistleriň alnyp gaçylmagy “Siriýanyň içinde bolup geçýän wakalary dünýä mälim etmegi has-da kynlaşdyrar” diýilýär.

Gürrüňi edilýän hatda häzirki wagt tussaglykda saklanýan žurnalistleriň azatlyga goýberilmegini üpjün etmek üçin söweşijileriň liderlerine çagyryş edilýär.

Hata gol goýanlaryň arasynda “The New York Times”, “The Washington Post”, “The Guardian” ýaly gazetler, BBC korparasiýasy we “The Associated Press” habar gullugy bar.
XS
SM
MD
LG