Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dalhuisen: Türkmen raýatlary gorky astynda


“Amnesty International” guramasynyň emblemasy
“Amnesty International” guramasynyň emblemasy
12-nji dekabrda “Amnesty International” guramasy “Türkmenistanyň bagtyýarlyk döwri ýa-da şol bir repressiýalar dowam edýär” atly hasabaty ýaýratdy. Azatlyk Radiosy guramanyň Ýewropa we Merkezi Aziýa programmasynyň müdiri Jon Dalhuisen bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Hasabatyňyzyň maksady we onuň edil häzir çap edilmegi näme bilen bagly?

Jon Dalhuisen
Jon Dalhuisen
Jon Dalhuisen: Esasy maksadymyz Türkmenistanda soňky ýyllarda sözüň hakyky manysyndaky reformalaryň bolmandygyna ünsi güýçlendirmekden ybarat. Ýurtda parlament saýlawlarynyň golaýlamagy bilen, biz ýurtdaky ýagdaýa baha bermek isledik. Biz halkara jemgyýetçiligine ykdysady ýa-da strategiýa taýdan ähmiýetli beýleki bähbitleri türkmen halkynyň hukuklaryndan öňde goýmaly däldigini we türkmen halkynyň režimiň güýçli basyşynyň astynda galýandygyny ýatlatmak isledik. Sebäbi türkmen režimi raýatlaryň hukuklaryna hormat goýmagyň ýerine öz jübüsini doldurmagy has gowy görýär.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýynda soňky ýyllarda haýsy-da bolsa bir öňegidişlik boldumy?

Jon Dalhuisen: Ujypsyz öňegidişlik boldy. Ýurtda syýasy partiýalar we habar serişdeleri barada kanunlaryň kabul edilmegi ýaly özgerişlikleriň bardygyny görkezmäge gönükdirilen käbir hereketler edildi. Emma bu iş ýüzünde [jemgyýetiň durmuşynda] özgerişliklere getirmedi. Ýurtda henizem garaşsyz media ýok, alternatiw partiýanyň döredilmegi bilen oppozisiýa ýol berilmedi. Adam hukuklaryny goraýjylaryň ýurtda açyk işlemegine henizem mümkinçilik ýok, ýurtda bar bolan sanlyja garaşsyz žurnalistler yzygiderli basyşlara sezewar edilýärler. Şeýlelikde düýpli özgerişlikleriň ýok ýerinde Türkmenistan bilen halkara gatnaşyklaryň güýçlendirilmegine esas döremedi.

Azatlyk Radiosy: Amnesty International guramasy türkmen hökümeti bilen gatnaşygy ýola goýmak boýunça köp ýyllaryň dowamynda eden synanyşyklarynyň başa barmandygyny habar beripdi. Soňky ýüzlenmeleriňize Türkmenistandan jogap boldumy?

Jon Dalhuisen: Düýpden ýok. Biz Türkmenistana barmaga we türkmen häkimiýetleri bilen açyk gepleşmäge yzygiderli synanyşyp gelýäris. Emma biziň ähli ýüzlenmelerimiz asla jogapsyz galýar. Türkmen häkimiýetleri ýurtda adam hukuklaryna degişli halkara we ýerli maglumatlaryň çap edilmegini çäklendirmek isleýändiklerini görkezip gelýärler.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda adam hukuklaryny nädim gowulandyrmak mümkin diýip pikir edýärsiňiz? Bu ugurdan halkara jemgyýetçiligi nämeler edip biler?

Jon Dalhuisen: Halkara jemgyýetçiligi birnäçe zatlary amala aşyrmaly. Birinjiden, Türkmenistan bilen söwda we beýleki ylalaşyklary baglaşanda, şert goýmaly we onuň berjaý edilmegini talap etmeli. Türkmen häkimiýetleri bilen gepleşiklerde adam hukuklary temasy ýokarda durmaly, türkmen häkimiýetlerini açyk tankyt etmeli, adam hukuklaryna we raýat jemgyýetine degişli liberal reformalaryň geçirilmegini berk talap etmeli.

Şol bir wagtda-da Türkmenistanyň halkara jemgyýetçiliginiň edýän talaplaryny tehniki taýdan berjaý etmegi iş ýüzünde ýagdaýy üýtgetmese, bu [ýurtda höküm sürýän režime] syýasy basyşlary etmegiň zerurdygyny aňladýar. Halkara jemgyýetçiligi adam hukuklaryny gysga wagtlyk strategik bähbitlerinden has ileri tutmaly.

XS
SM
MD
LG