Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen ýaşlary internetde näme barada gürleşýärler?


Suratkeş Youtube saýtynyň suratyny diwara çekýär.
Suratkeş Youtube saýtynyň suratyny diwara çekýär.
“Ertir.com”

“Ertir.com” sosial ulgamynda türkmen ýaşlarynyň işjeňligi dowam edýär. Bu sosial ulgamda geçen hepdäniň dowamynda türkmen ýaşlary ençeme tema gozgapdyrlar.

Olaryň arasynda Guga88 atly agzanyň “Gyza nädip söýgiňi beýan etmelika?”, Battery atly agzanyň “Ukraina iň köp student iberýän Türkmenistan boldy” ýaly temalar bar.

“Ertir.com-da” Agajanh atly agzanyň “Haçan soňky gezek öz pikiriňizi beýan etdiňiz?” atly temasy sosial ulgamyň okyjylarynyň arasynda uly gyzyklanma döredipdir. Bu tema 10-njy dekabrda gozgalypdyr we ol 11-nji dekabra çenli 676 sapar okalyp, oňa jemi 60 teswir gelip gowşupdyr. Şeýle-de ol 45 sapar halanypdyr.

Temanyň mazmuny şeýle: “Salawmaleýkim, hormatly agzalar. Kiçijek ses berişlik edeliň. Dogrusy, soňky açylýan bloglarda adamyň öz pikiri ýok diýen ýaly. Teswirlerde bar bolup biler, ýöne köplenç habarlar, hekaýalar, anekdotlar, rowaýatlar, garaz, ählisi öň başga biri tarapyndan ýazylan zatlar we şolar paýlaşylýar. Bu ýerde hem erbet zat ýok... Ýöne öz pikiriňizi ýazyp, blog ýazmaga synanşyp gördüňizmi? Köpüňiz blog açmakda şu ýerde tejribe geçip öwrenip giden bolmagyňyz hem mümkin. Sebäbi edil özüme galsa, şeýle. Islendik meselede blog açyp, pikiriňizi ýazyp, adamlara öz pikiriňizi hödürlemekden gowy zat ýok. Eger adam şoňa düşünse” diýlip, temanyň soňunda “Gysgajyk ses berişlik” yglan edilip, “Iň soňky gezek haçan öz sözleriňiz bilen blog ýazyp gördüňiz?” diýen sorag berilýär.

Bu soraga Doňýürek atly agza “Blok näme?” diýip sorag berse, mnVsn atly agza “Ylalaşýan. Hawa, temalaryň 100-den 99-y başgalardan alnyp “copy paste” edilýär. Meniň temalarym nähili bolgusyz bolsa-da, özüm ýazýan ýa-da başga dilden terjime edýän. Umuman aýdanymyzda, her kim özünden bir zatlar etse, has gyzykly bolar. Dünýä bakyşymyzam üýtgär” diýip, öz pikirini beýan edipdir.

Zübeýda atly agza bolsa ”... Biziň ganymyzda bar öýdýän: pikiriň gabat gelmese, hökman seni ýigrenýärler. Olam düzeler entäk. Bellemeli bir zat bar: pikir etmegem ussatlykdyr” diýip, birek-biregiň pikirlerine çydamlylyk görkezmek barada öz garaýşyny beýan edipdir.

“Vkontakte”

“Vkontakte” sosial ulgamynda “Türkmen sungat älemi” atly toparyň paýlaşan suratlary ençeme agzalaryň ünsüni özüne çekipdir. Ol suratlarda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda gurnalan türkmen toýy görkezilýär. Ýagny, suratlarda kürteli türkmen gelniniň we öýlenýän oglanyň gelnalyjyda Nýu-Ýork şäherine aýlanyşlary we derýanyň kenarynda surata düşüşleri görkezilýär.

Bu surat 9-njy dekabrda çap edilip, ol 11-nji dekabra çenli 134 sapar halanypdyr we 26 sapar hem gaýtadan çap edilipdir. Bu suratyň aşagynda Gülnara Pirowa atly agza “Tüweleme, ähli zada garamazdan, däp-dessury saklapdyrlar. Gutlaýan!” diýip, teswir galdyrypdyr. Muhammetali Çaryýew atly agza bolsa, toýuň Nýu-Ýorkda bolanyna ynanmaýandygyny, Şatlyk Amanow atly agza bolsa öz toýuny kosmosda etjekdigini ýazypdyr.

Twitter

Twitter sosial ulgamynda hem türkmen ýaşlarynyň işjeňligi dowam edýär. Bu sosial ulgamda türkmen ýaşlary öz öýlerinde, işlerinde, okuwlarynda, ýagny durmuşyň şol pursatynda bolýan wakalary paýlaşmagy dowam edýärler. Mysal üçin, geçen hepdäniň dowamynda sosial ulgamyň Hanym atly agzasy “Öý telefonyna jañ gelýär. Öýdäkiler: "Meni sorasalar, ”ýok” diý". Hiç kim ýokmuş. Kim jogap bermeli? :D” diýen tweet ýazypdyr.

Muňa Jentelmen atly agza “awtootwetçik” diýip, teswir galdyrsa, Agarejep atly agza bu tweeti halap, ony gaýtadan çap edipdir. Twitterde “Türkmençe ýaz”, “Ene dilim”, “Emekdep” ýaly toparlaryň hem işjeňligi dowam edýär.

“Emekdep” toparynyň “‘Eje, kaka’ sözünden soňra bir ynsanyň başga ynsana ýüzlenip biljek iň beýik, iň keramatly we iň bir süýji ady ‘mugallym’ sözüdir” diýip, paýlaşan tweeti hem sosial ulgamyň agzalarynyň arasynda uly gyzyklanma döredipdir. 4-nji dekabrda çap edilen bu tweet jemi alty sapar gaýtadan çap edilip, iki sapar hem halanypdyr.
XS
SM
MD
LG