Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Phenýan lideriň daýysyna jeza berlendigini aýtdy


Günorta Koreýa we ABŞ Demirgazyk Koreýanyň ýurduň lideri Kim Jong Unyň täsirli daýysynyň dönüklik sebäpli jezalandyrylandygyny yglan edensoň aladalanma bildirdiler.

Demirgazyk Koreýanyň döwlet gözegçiligindäki telewideniýesiniň maglumatyna görä, ýurduň iň täsirli ikinji resmisi bolan Jang Song Thaek harby sudy tarapyndan ölüme höküm edilipdir.

Geçen hepdede Thaek resmi wezipesinden mahrum edildi we işi başarmazlykda, humarly oýunlary oýnamakda, aýalbazlykda we neşekeşlikde aýyplandy.

Günorta Koreýanyň Bileleşmek boýunça ministrliginiň ýaýradan resmi beýannamasynda Seulyň Phenýandaky wakalara “çüňňur aladalanma” bildirýändigi we onuň öz ýaranlary bilen maslahat geçirendigi barada habar berildi.

Waşingtonda Ak Tamyň Milli howpsuzlyk geňeşi agzalan jezalandyryş çäresiniň bolandygy tassyklansa, munuň Demirgazyk Koreýanyň režiminiň “aýylganç rehimsizliginiň” subutnamasy bolýandygyny belledi.
XS
SM
MD
LG