Sepleriň elýeterliligi

Peşawarda polisiýa ofiserleri öldürildi


Pakistanyň polisiýasy ýaragly adamlaryň iki polisiýa öfiserini atyp öldürendigi barada habar berdi. Polisiýanyň işgärleri ýurduň demirgazyk-günbatar böleginde poliomiýelit keseliniň öňüni almak üçin sanjymlary edýän işgärleri goramak üçin bellenipdi.

Bu hüjüm anna güni Khyber Pakhtunkhwa welaýatynyň paýtagty Peşawarda amala aşyrylypdyr. Hüjümçileriň gaçyp gutulandygy barada habar berildi. Bu wakanyň jogapkärçiligini öz üstüne alan bolmandyr.

Mundan öň poliomiýelit keseliniň öňüni almak boýunça sanjymlary edýän işgärlerine we olary goraýan polisiýa hüjüm etmekde yslamçy söweşijiler aýyplanypdy. Söweşijiler bu sanjymlary günbataryň içalyçylyk hereketi, diýip atlandyrýarlar we munuň musulman çagalaryny önelgesiz etmek üçin ulanylýandygyny aýdýarlar.

Pakistan poliomiýelit keseliniň dünýäde iň giň ýaýran üç ýurduň biri bolmagyna galýar.
XS
SM
MD
LG