Sepleriň elýeterliligi

Türk ministri Ýerewana sapar etdi


Türkiýäniň daşary işler ministri Ahmet Dawutoglu penşenbe güni Ermenistana sapar etdi we Gara deňiz ykdysady hyzmatdaşlyk toparynyň maslahatyna gatnaşdy. Bu soňky bäş ýylyň dowamynda Türkiýäniň ýokary derejeli resmi wekiliniň Ermenistana eden ilkinji sapary boldy. Ermenistanda geçirilýän ýygnaga gatnaşmakdan daşary Dawutoglu bu ýurduň daşary işler ministri Eduard Nalbandian bilen hem duşuşýar.

Birinji Jahan Urşunyň dowamynda ermenileriň köpçülikleýin gyrgynçylyga sezewar edilmegi bilen bagly meseläniň üstünde Türkiýäniň we Ermenistanyň arasynda düýpli gapma-garşylyklar saklanyp galýar.

Iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklar saklanmaýar. 1993-nji ýylda Türkiýe Azerbaýjanyň Ermenistan bilen Daglyk Garabag konflikti sebäpli Bakuwa raýdaşlyk bildirip, Ermenistan bilen öz serhedini ýapypdy.

Türkiýe bilen Ermenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklary dikeltmek we serhetleri açmak boýunça 2009-njy ýylda edilen tagallar başa barmady.
XS
SM
MD
LG