Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwada gyrgyzlar gynama sezewar edildi


Gyrgyzystanly adam hukuklaryny goraýjy aktiwist Ondurush Toktonasyrow Orsýetiň Bişkekdäki ilçihanasynyň öňünde protest geçirdi. Bu aksiýa Orsýetde iki sany gyrgyz migrantynyň milletçiler tarapyndan gynamalara sezewar edilendigi barada berilen maglumat bilen baglylykda geçirildi.

Toktonasyrow anna güni geçirilen protest çykyşynda milletçileri saklamaga çagyrdy.

Penşenbe güni Gyrgyzystanyň habar serişdeleri Moskwada milletçileriň iki sany gyrgyzystanlyny rehimsiz gynandygy barada habar beripdi.

Moskwanyň keselhanasynyň lukmany Tatina Kaipberdiýewa anna güni AÝ/AR bilen söhbetdeş bolup, iki sany gyrgyzystanlynyň mundan 10 gün ozal agyr ýagdaýda keselhana düşendigini, olaryň 23 we 25 ýaşyndadygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä bu adamlaryň saglyk ýagdaýy häzir durnukly, emma hüjümiň netijesinde ýetirilen şikesler zerarly olaryň ömürlik ker galmagy ähtimal.

Bu gyrgyz raýatlary Moskwanyň polisiýasyna ýüz tutmakdan boýun gaçyrdylar we munuň manysyz boljagyny aýtdylar.
XS
SM
MD
LG