Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina: Protestçiler basyşy dowam etdirýär


Garaşsyzlyk skwerindäki protestçiler. Kiýew, 13-nji dekabr, 2013.
Garaşsyzlyk skwerindäki protestçiler. Kiýew, 13-nji dekabr, 2013.
Ukrain oppozisiýa lideri hökümetiň ÝB bilen assosiasiýa we söwda ylalaşyklaryna gol çekmek barada beren wadasynyň aldawçylykdygyny aýdýar.

Batkiwşina partiýasynyň lideri Arnesiý Ýatsenýuk premýer-ministriň birinji orunbasary Serhiý Arbuzow penşenbe güni Brýusselde ÝB resmileri bilen duşuşyp, hökümetiň bu şertnamlara basym gol çekjegini aýdandan soň çykyp gürledi.

Arbuzow şertnamalara gol çekişligiň anyk senesini ýa soňky möhletini aýtmady.

ÝB resmileri, eger hökümet eýýäm gürleşilen hyzmatdaşlyk we söwda şertnamalaryna gol çekse, Bileleşigiň Ukraina döwrebaplaşdyrma üçin has köp kömek berip biljegini aýtdylar.

Oppozisiýa hökümete ynanmaýar

Oppozisiýa lideri Ýatsenýuk penşenbe güni agşam ÝB-ä tarapdar demonstrantlaryň Kiýewiň Garaşsyzlyk skwerinde bolan ýygnanyşygyndan soň şeýle diýdi:

"Bu hiç soňy gelmejek degişme ýaly bolup görünýär. Ukrain hökümeti hemişe Assosiasiýa şertnamasyna gol çekmegi wada berýär, emma hiç öz sözünde durmaýar. ÝB örän açyk aýtdy, gapylar açyk we ÝB Assosiasiýa ylalaşygyna gol çekmäge islendik wagt taýýar. Emma, meniň göwnüme, bu hökümetiň bir samahyllamasy ýaly bolup görünýär."

Hökümetiň geçen aý, ýyllara çeken gepleşiklerden soň, ÝB ylalaşyklaryna gol çekmekden ýüz öwürmegi hem-de goňşy Orsýet bilen ykdysady gatnaşyklaryny güýçlendirmekçidigini yglan etmegi Ýewropa Bileleşigine tarapdarlaryň protest hereketiniň möwjäp galmagyna getirdi.

Demonstrasiýaçylar merkezi Kiýewdäki ýerleri eýelemegi dowam etdirýärler. Olar hökümetiň iş başyndan çekilmegini hem-de tussag edilen protestçileriň azatlyga goýberilmegini talap edýärler.

Anna güni, ýerli wagt bilen irden sagat dörtde paýtagtyň Garaşsyzlyk skwerine Ukrainanyň milli gimnini aýtmak üçin ýüzlerçe protestçi toplandy.

Bu hereket Orsýetden daşlaşyp, Günbatara tarap ugur alsa, Ukraina ykdysady taýdan uzak möhletli bähbit tapar diýen pikiri öňe sürýär.

Oppozisiýa ýekşenbe güni Kiýewde köçülikleýin demonstrasiýa çagyrdy. Bu prezident Wiktor Ýanukowiçiň Orsýete gelýän hepde planlaşdyran saparynyň öň ýanyna gabat gelýär.

Orsýet bilen ÝB-niň aralygynda

Ýanukowiç Orsýetiň prezidenti Wiktor Ýanukowiç bilen geçen hepde, ukrain resmileriniň aýtmaklaryna görä, söwda we ykdysadyýet syýasatlaryndaky tapawudy aradan aýyrmaga gönükdirilen uly strategik hyzmatdaşlyk ylalaşygy barada maslahat etmek üçin duşuşdy.

Batmaga golaý gelen ukrain hökümetiniň Orsýete energiýa üpjünçiligi üçin milliardalap bergisi bar.

Premýer-ministriň birinji orunbasary Arbuzow Brýusseldäki duşuşykdan soň ÝB bilen alnyp barylýan gepleşikleriň dowam edýändigini aýtdy. Ol hökümetiň basym ÝB bilen assosiasiýa we söwda şertnamalaryna gol çekjegini aýtdy, emma munuň haçan boljakdygyny aýtmady.

"Men ukrain halkyna ynandyryp aýdýaryn, ÝB bilen gepleşikler dowam edýär. Basym Ukrainanyň strategiki milli bähbitleri nazar alýan Assosiasiýa şertnamasyna gol çekjek taryhy pursaty hem geler."

ÝB-niň giňeliş komissary, Arbuzow bilen duşuşan Stefan Fuele, eger Ukraina şertnamalara gol çekse, Bileleşigiň Kiýewe Halkara pul fondundan karz almak meselesinde gepleşik geçirmäge kömek berip biljekdigini aýtdy. Emma ol hem goşmaça detallary aýtmady.

"Biz anyk sanlar barada gürrüň etmedik. Biziň ilki Ukraina tarapynyň zerurlyklaryny öwrenmegimiz gerek. Alynýan borçnama näme we Assosiasiýa şertnamasynyň şertleriniň amala aşyrylmagynyň wagt çäkleri nähili, şondan soň biz bu prosese öz goldawymyzy sepläp bileris."

Şu hepde Ukrainanyň premýer-ministri Mikola Azarowyň ÝB bilen gol çekişligiň çykdajylary barada aýdan sözleri sitirlendi. Ol Ukrainanyň ÝB bilen şertnama baglaşmak harajatlary üçin 20 milliard ýewro kömegiň gerek boljagyny aýdypdyr.

Putin penşenbe güni eden halka ýüzlenmesini, eger Ukraina Orsýetiň ýolbaşçylygyndaky Gümrük bileleşigine goşulsa, Ukrainanyň görjek ykdysady bähbitlerini nygtamak üçin ulandy.

ÝB resmileri Ukrainanyň hem Assosiasiýa şertnamasyna goşulyp, hem Gümrük bileleşiginiň agzasy bolup bilmejegini duýdurdylar. Gümrük bileleşigine häzire çenli Orsýet, Belarus we Gazagystan girýär.
XS
SM
MD
LG